Dikuçar heläkçiliginde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň hoşlaşyk dabarasy we jaýlanyş çäresi 23-nji maýda Maşat şäherinde geçiriler. Bu barada ýurduň wise-prezidenti Mohsen Mansuri mälim etdi.
-Hoşlaşyk dabarasy we jaýlanyş çäresi mukaddes Maşad şäherine geçiriler – diýip, Mansuri belledi.
Mansuri, jaýlanyş çäresiniň Ymam Reza aramgähinde geçiriljekdigini aýtdy. Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň Töwriz şäherinde geçiriljek hoşlaşyk dabarasyndan soň prezidentiň jynazasynyň Kum, Tähran, Birjend we soňra Maşat şäherine getiriljekdigini belledi.
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisini, daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahiany we beýleki işgärleri alyp barýan dikuçar 19-njy maýda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Werzegan sebitinde heläkçilige uçrady. IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä, waka tehniki näsazlyk sebäpli ýüze çykdy.
20-nji maýda irden Mansuri döwlet Baştutanynyň we onuň ýanyndaky wekiliýetiň howa heläkçiliginde aradan çykandygy baradaky habary tassyklady. Eýranyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohber täze saýlawlara çenli 50 gün Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolar.
Wekiliýet Gündogar Azerbaýjan welaýatyndaky Gyz galasy gidroelektrik toplumynyň açylyş dabarasyndan we Araz derýasyndaky serhetýaka Hudaferin gidroelektrik toplumynyň işe girizilmegi mynasybetli guralan çäreden soň gaýdyp gelýärdiler.