Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösüşleriň belent sepgitlerine sary bedew bady bilen öňe barýar. Ähli ulgamlarda uly-uly üstünliklere eýe bolunýar. Uly ösüşli sepgitlere eýe bolýan pudaklaryň biri hem raýat awiasiýasydyr.
Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna laýyklykda, raýat awiasiýa pudagyny tapgyrlaýyn ösdürmek üçin degişli işler alnyp barylýar.
Raýat awiasiýasyny toplumlaýyn täzelemek we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň düzüm bölekleriniň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda howa menzilleri toplumyny we emeli uçuş-gonuş zolaklaryny gurmak we olaryň durkuny täzelemek üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirildi.
«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýurdumyzyň awiasiýasyny IKAO-nyň – Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ölçeglerine laýyklykda ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde howa menzillerini täze enjamlar, ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek we howa gämilerini döwrebaplaşdyrmak boýunça gaýragoýulmasyz işler geçirilýär.
Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ýokary derejesini üpjün etmek, howa ulaglary hyzmatlarynyň dünýä bazaryndaky ornuny has-da berkitmek, şeýle hem ilatyň uçar hyzmatlaryna artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy kabul edildi. Bu Maksatnamanyň çäklerinde raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň we enjamlarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem olaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça tapgyrlaýyn işleri durmuşa geçirmegiň meýilnamasy göz öňünde tutulýar.
Şoňa laýyklykda, soňky ýyllarda bu ugurda uly işler amala aşyryldy. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk dabaralarynyň çäklerinde Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menzili ulanmaga berildi. Täze howa menziliniň ulanmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmekde nobatdaky möhüm ädimdir.
Raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täzeleri gurulýar. 2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleri ulanylmaga berildi. 2016-njy ýylda bolsa Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde gurlan täze howa menzili hem ýurdumyzyň ýük we ýolagçy gatnawlarynyň kuwwatyny has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder. Geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi. Kerki şäherinde täze üpjünçilik enjamlary bolan howa menzili toplumynyň ulanmaga berilmegi bu myhmansöýer welaýatdan howa arkaly daşaýyşlary ösdürmäge güýçli itergi berer. Ýurdumyzda gurulýan her bir desganyň halkara ülňülerine gabat gelmegi ugrunda giň tagallalar edilýär. Kerki howa menzili hem Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň 14-nji goşundysyna laýyklykda, sertifikasiýalaşdyryş standartlaryna laýyk gelýär.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň golaýda gol çeken ýene-de bir taryhy Kararyna laýyklykda, raýat awiasiýa ulgamy üçin ýene-de bir döwrebap howa menzili ýurdumyzyň günbatar sebitinde, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde gurlar. Geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenjek bu howa menzili hem ýurdumyzyň täze we möhüm howa derwezeleriniň birine öwrüler.
Oguloraz SAPARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.