Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 41-sinde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik bilen gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary guramaçylykly geçdi.
Saýlaw uçastoklary dünýäniň her sebitindäki ýerli wagta laýyklykda, ir säher bilen açyldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylary tarapyndan saýlawlaryň geçýän döwri daşary döwletlerde bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryndan peýdalanmagy üçin ähli şertler döredildi.
Synçylaryň baha bermegine görä, ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek çäresi dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan, işleýän we okaýan ildeşlerimiziň ýokary raýat jogapkärçiligini we düşünjeliligini görkezdi.