Geçen ýyl Germaniýa has köp adamy raýatlyga kabul etdi. Ýurduň statistika edarasynyň (Destatis) maglumatyna görä, 2024-nji ýylda 291 müň 955 adam raýatlyga kabul edilipdir. Bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 91 müň 860 adam artyk bolupdyr. Has köp adamyň raýatlyga kabul edilmeginde geçen ýyl Raýatlyk baradaky kanuna üýtgeşme girizilmeginiň täsiriniň bardygy bellenilýär. 2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda güýje giren kanuna görä, bu ýurtda 5 ýyl ýaşan daşary ýurtlular raýatlyk alyp bilýärler. Käbir şertleri ýerine ýetirenler bolsa, 3 ýyldan soň ýurduň raýatlygyny alyp bilýärler. Ondan öň azyndan 8 ýyl Germaniýada ýaşanlar raýatlyk üçin ýüz tutup bilýärdiler.
Aýjeren AMANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.