Ispaniýanyň “Real Madrid” topary düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. Ançelottiniň ornuna Habi Alonsony tälimçilige bellän madridliler Dean Hýoýsenden soň ýene bir goragçyny transfer etdi. Ispan kluby iňlisleriň “Liwerpul” topary bilen şertnamasy tamamlanan Trent Aleksander-Arnoldy düzümine goşandygyny resmi habar berdi. Tölegsiz alnan 26 ýaşyndaky iňlis futbolçy bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Sag gyrada oýnaýan Trent Aleksander-Arnoldyň 14-nji iýunda başlanjak Klublar Dünýä Kubogynda çykyş etjekdigi habar bellenilýär.

Aleksander-Arnold “Liwerpulda” jemi 373 duşuşykda meýdança çykdy. Ol şol oýunda 27 gol geçirip, 96 gezek hem asist etdi.