Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” 31-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Žirona” bilen duşuşdy. Duşuşykda ýer eýeleri birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Netijede, duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Oýnuň 51-nji minutda Federiko Walwerde jerime meýdançasynyň daşyndan batly urgy bilen hasaby açdy. Myhmanlar bu gol 9 minutdan soň jogap berdi. Edil Walwerdeniň goluna çalymdaş bu goly, jerime meýdançasynyň daşyndan batly urgy bilen Lemar öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, möwsümiň tamamlanmagyna 6 tapgyr galanda, “Real Madrid” ýene bir ýola utuk ýitirdi. Şu günki Barselona şäheriniň derbisinde “Barselona” öz meýdançasynda “Espanýoly” ýeňen ýagdaýynda utuk aratapawudy 9-a çykar.

Milli ýygyndylaryň arakesmesinden soň, 3-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp bilmedik “Real Madrid” geçen tapgyrda “Malýorkadan” asgyn gelipdi. Çempionlar Ligasynda bolsa öz meýdançasynda  “Bawariýadan” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Geçen möwsümde hiç bir ýaryşda ýeňiji bolup bilmedik “Real Madrid” bassyr 2-nji möwsümini hem kuboksyz tamamlamagyň bosagasynda dur.