Az salym öň UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, sanawy 9-njy ýerde tamamlan “Real Madrid” bilen “Benfika” duşuşar. Iki topar liga tapgyrynda-da 8-nji duşuşyklarda gabatlaşypdy we portugal kluby 4-2 hasabynda ýeňipdi. “Interiň” bijesine bolsa Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary düşdi. Soňky çempion PSŽ edil geçen möwsümdäki ýaly, pleý-off tapgyrynda ýene-de fransuz kluby bilen, “Monako” bilen 1/8 finala çykmak üçin göreşer. Geçen möwsümde PSŽ topary “Brest” toparyny uly hasaplar bilen ýeňip, ýaryşdan çykarypdy.

Şeýle-de, “Galatasaraýyň” bijesine “Ýuwentus” çykdy.

Pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary 17-18-nji fewralda, jogap oýunlary bolsa 24-25-nji fewralda geçiriler.

1/8 finalyň bijeleri bolsa 27-nji fewralda çekiler.

 

 

Pleý-off tapgyrynyň bijeleri:

Borussiýa Dortmund – Atalanta

Olimpiakos – Baýer

Galatasaraý – Ýuwentus

Klub Brýugge – Atletiko Madrid

Garabag – Nýukasl

Monako – Pari Sen-Žermen

Benfika – Real Madrid

Bude-Glimt – Inter