UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümiň ilkinji tapgyrynda “Real Madride” ýeňiş gazanmak ýeňil düşmedi. Öz meýdançasynda “Marsel” toparyny kabul eden ispan topary 22-nji minutda fransuz klubunyň täze transferi Timoti Weanyň goluna çäre tapyp bilmedi. Ýeri gelende bellesek, Timoti Weanyň kakasy Jorj Wea hem 1994-nji ýylyň martynda “Santiago Bernabeuda” “Realyň” derwezesinden gol geçiripdi.
Madridliler Timoti Weanyň goluna 7 minutdan soň Mbappeniň penaltiden salan goly bilen jogap berdi. Oýnuň 72-nji minutynda soň meýdança giren Karwahala emin gyzyl kart görkezdi. 1 oýunçy kem galanam bolsa, “Real Madrid” ýeňiş gazanmagy başardy. Duşuşygyň 81-nji minutynda bosniýaly emin Irfan Pelto 2-nji gezek madridlileriň peýdasyna jerime meýdançadaky ak nokady görkezdi. Kilian Mbappe bu gezek hem ýalňyşman topy derwezä girizdi. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madridiň” fransuz ýyldyzy Kilian Mbappeniň ispan toparyndaky gollarynyň sany 50-ä ýetdi. Bu görkezijä ýetmek üçin 64 oýun gerek bolup, Mbappe portugaliýaly Kristiano Ronaldodan soň Realda iň çalt 50 gola ýeten 2-nji futbolçy boldy. Ronaldo 51 oýunda 50 gol geçiripdi.
PDF









