Ispaniýanyň çempionatynda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Real Sosiedady” 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda “Realyň” gollaryny Gonzalo Garsiýa, 2-isini hem penaltiden salan Winisius Junior hem-de Walwerde geçirdi. Eminler ilkinji 24 tapgyrda “Real Madridiň” peýdasyna jemi 13 gezek 11 metrlik jerime urgusyny bellediler. Bu görkeziji möwsümiň şu tapgyryna çenli “La Liganyň” rekordyna deňdir.
“Barselona” Katalunýa derbisinde “Žironadan” 2-1 hasabynda ýeňildi. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 45+2-nji minutynda Lamin Ýamalyň ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy derwezäniň ýokarky sütüninden yzyna gaýtdy. Duşuşygyň 59-njy minutynda Kubarsi “Barselonany” öňe saýlasa-da, ýer eýeleri 2 minutdan soň Lemaryň takyk urgusy bilen jogap berdi. Oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 4 minut galanda, 68-nji minutda meýdança giren Fran Beltran “Žirona” toparyna ýeňiş getiren goly derwezä girizdi. Şunlukda, 3 oýundan soň utulan “Barselona” soňky 14 duşuşygynda 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Bu ýeňlişden soň “Real Madrid” sanawyň birinji ornuna geçip, “Barselonadan” 2 utuk öňe saýlandy.
Kubok ýaryşynyň ýarym finalynda “Barselonanyň” derwezesinden jogapsyz 4 gol geçiren “Atletiko” topary Madrid derbisinde “Raýo Wallekanodan” 3-0 hasabynda ýeňildi.
24-nji tapgyryň netijeleri:
Elçe – Osasuna: 0-0,
Espanýol – Selta: 2-2 (Kike Garsiýa 66, Dolan 86 – Džutgla 38, Iglesias 90+3),
Hetafe – Wilýarreal: 2-1 (Arambarri 41 p, Satriano 53 – Mikautadze 76),
Sewilýa – Alawes: 1-1 (Sou 42 – Martines 60),
Real Madrid – Real Sosiedad: 4-1 (Gonzalo Garsiýa 5, Winisius 25 p, 48 p, Walwerde 31 – Oýarzabal 21 p),
Owiedo – Atletik: 1-2 (Çaýra 30 – Hauregisar 58, Sanset 71 p),
Raýo Wallekano – Atletiko: 3-0 (Fran Peres 40, Walentin 45, Mendi 76),
Lewante – Walensiýa: 0-2 (Ramazani 64, Sadik 84),
Malýorka – Betis: 1-2 (Muriki 66 – Ezzalzuli 18, Bakambu 45+2),
Žirona – Barselona: 2-1 (Lemar 61, Beltran 86 – Kubarsi 59)
PDF









