UEFA-nyň 2-nji derejeli klub ýaryşy bolan Ýewropa Ligasynda liga tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy.

Fransiýanyň wekili “Lion” topary öz meýdançasynda PAOK-y 4-2 hasabynda ýeňip, 7-nji ýeňşini gazandy we liga tapgyryny lideri hökmünde tamamlady.

Edil şonuň ýaly utugy 21 bolan “Aston Willa” topary 8-nji duşuşygynda taryhy kembek bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Öz meýdançasynda “Red Bull Salsburgy” kabul eden birmingemliler myhmanlaryň 2-0 hasabynda öňe saýlanmagynyň öňüni alyp bilmediler (Lindelöf 33 ö.d., Ýeo 49). Ýöne özüni dürsän “Aston Willa” 64-nji minutda Rojersiň, 76-njy minutda-da Mingsiň gollary bilen hasaby deňledi. Oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 3 minut galan Jimoh-Alabanyň goly bilen ýeňiş gazanmagy başardy.

Şunlukda, “Lion”, “Aston Willa”, “Midtýullann”, “Betis”, “Porto”, “Braga”, “Fraýburg” hem-de “Roma” toparlary 1/8 finala çykdy.

“Genk”, “Bolonýa”, “Ştutgart”, “Ferenswaroş”, “Nottingam Forest”, “Wiktoriýa Plzen”, “Srwena Zwezda”, “Selta” toparlary degişlilikde, 9-16-njy orunlary eýelän bolsalar, PAOK, “Lill”, “Fenerbahçe”, “Panatinaikos”, “Seltik”, “Ludogores Razgrad”, “Dinamo Zagreb”, “Brann klublary-da 17-24-nji orunlarda sanawy tamamladylar. 9-24-nji orunda tamamlanlar pleý-off tapgyrynda duşuşarlar.

Niderlandlaryň 3 toparynyňam ýaryşdan çykmagy aýratyn bellärliklidir.

 

8-nji duşuşyklaryň netijeleri:

Aston Willa – Red Bull Salsburg: 3-2

Seltik – Utreht: 4-2

Porto – Reýnjers: 3-1

Bazel – Wiktoriýa Plzen: 0-1

Midtýullann – Dinamo Zagreb: 2-0

Srwena Zwezda – Selta: 1-1

FKSB – Fenerbahçe: 1-1

Gou Ehed Iglz – Braga: 0-0

Genk – Malmö: 2-1

Lill – Fraýburg: 1-0

Makkabi Tel-Awiw – Bolonýa: 0-3

Nottingam Forest – Ferenwaros: 4-0

Lion – PAOK: 4-2

Panatinaikos – Roma: 1-1

Ludogores Razgrad – Nissa: 1-0

Betis – Feýenoord: 2-1

Şturm Gras – Brann: 1-0

Ştutgart – Ýang Boýz: 3-2