AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň çäginde ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” topary ýeňiş gazandy. Ildeşlerimiz pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň “Regar-Tadaz” topary bilen Tursunzade şäherinde duşuşyp, 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 62-nji minutynda türkmen futbolçylary Bagtyýar Gürgenowyň kelle urgusy bilen geçiren goly esasynda öňe saýlandy. Ýöne bu goldan 2 minut soň ýer eýeleri Dewid Atsamyň uzakdan uran goly bilen hasaby deňlediler. Oýnuň 82-nji minutynda bolsa Hakmuhammet Bäşimowyň sag gyradan geçiren ajaýyp pasyndan soň topy derwezä gönükdiren Süleýman Mirzoýew “Ahal” toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Ahal” topary ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. “Ahal” topary şu möwsümde bu ýaryşda ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etjek 2-nji topar bolup, “Arkadag” topary ýaryşa gönümel gatnaşýar.

Ýaryşyň bijeleri 15-nji awgustda çekiler we toparçadaky duşuşyklara 16-njy sentýabrda badalga berler.