Ýa­po­ni­ýa­da ýer­den al­nan il­kin­ji ha­sy­ly, de­ňiz­den tu­tu­lan il­kin­ji ba­ly­gy auk­si­on ar­ka­ly sa­t­mak dä­bi bar. Bu auk­si­on ýur­duň mil­li gym­mat­ly­gy bo­lup, sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem ün­sü­ni çek­ýär. Tä­ze ýy­lyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ýurt­da de­ňiz­den tu­tu­lan gök ýüz­güç­li tunes ba­lygy auk­si­onda sa­ty­lyp, 2019-njy ýyl­da­ky re­kor­dy tä­ze­le­di. 2019-njy ýyl­da To­kio­da­ky auk­si­on­da bir ba­lyk 333,6 mil­li­on ýe­ne sa­ty­lyp­dy. Bu ge­zek bol­sa, tä­ze aw­la­nan ba­lyk 510 mil­li­on ýe­ne (3,24 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry) sa­tyl­dy. Ba­ly­gyň aşa gym­mat ba­ha­dan sa­tyl­ma­gy­nyň bir­nä­çe se­bä­bi bar. Ola­ryň bi­ri de­ňiz jan­da­ry­na is­le­giň ýo­ka­ry hem-de sa­ny­nyň az bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Se­bä­bi te­bi­ga­ty go­ra­mak mak­sa­dy bi­len bu ba­lyk­la­ryň az san­ly­sy­nyň tu­tul­ma­gy­na rug­sat be­ril­ýär. Şeý­le hem, adat­ça, müş­de­ri­le­ri­ne de­ňiz önüm­le­ri­nden taýýarlanan tagamlary hödürleýän dün­ýä bel­li res­to­ran­lar ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­ýar. Bu bol­sa, tunes balykla­rynyň meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­ýar.
Ýa­po­ni­ýa ba­lyk we beý­le­ki de­ňiz önüm­le­ri­ni sarp et­mek­de dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.

Ogulgerek Işangulyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.