Adam­zat ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt­dan soň­ra gaý­ta­dan Aýa git­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Bu mak­sat bi­len 2-nji ap­rel­de dört ast­ro­nawt kos­mo­sa uçu­ry­lyp­dy. 10 gün do­wam et­jek sy­ýa­ha­tyň çäk­le­rin­de üçü­si ame­ri­ka­ly, bi­ri ka­na­da­dan bo­lan ast­ro­nawt­lar Aýyň da­şyn­dan aý­la­nyp, yzy­na gaýt­dy­lar. Şeý­le­lik­de, olar hä­zi­re çen­li kos­mos gi­ňiş­li­gin­de ada­myň ba­ran iň uzak ýe­ri­ne ýet­di­ler. Ast­ro­nawt­lar Ýer­den 406 müň 765 ki­lo­metr uza­ga gi­dip, mun­dan ozal «Apol­lo 3»-e de­giş­li bo­lan re­kor­dy tä­ze­le­di­ler. Ge­çi­len ara­ly­gyň 1970-nji ýyl­da­ky re­kord­dan 6 müň 600 ki­lo­metr­den gowrakdygy mä­lim edil­di.
«Ar­te­mis 2» at­ly kos­mos gä­mi­si Aýyň bi­ze gö­rün­me­ýän, ýag­ny ga­raň­ky ta­ra­py­na ge­çe­nin­de, gä­mi­niň eki­pa­žy Gü­nüň tu­tul­ma­gy­na hem-de «Ýe­riň bat­ma­gy­na» şa­ýat bol­du­lar. Aýyň aňyr­syn­dan se­re­di­len­de, Gün şöh­le­si Aýyň da­şyn­da hal­ka eme­le ge­ti­rip, Gü­nüň daş­ky at­mos­fe­ra­sy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. Şeý­le hem ol ýer­de ýyl­dyz­lar hem has aý­dyň gö­rün­ýär. Ast­ro­nawt­lar kos­mos gä­mi­si­niň pen­ji­re­sin­den Ýer bi­len Aýy bir kadr­da su­ra­ta dü­şür­di­ler. On­da Aý­dan Ýe­riň ýa­şy­şy­ny gör­mek bol­ýar. Aýyň go­la­ýyn­dan se­re­di­len­de, bi­ziň pla­ne­ta­myz ýa­rym Aý ýa­ly bo­lup hem gö­rün­ýär.

Selbi BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.