«Toyota» hem-de onuň golçur kärhanalary bolan «Daihatsu» we «Hino» 2022-nji maliýe ýylynda (2022-nji ýylyň 1-nji apreli – 2023-nji ýylyň 31-nji marty) dünýäde rekord mukdarda ulag öndürip satdy. Awtoulag öndürijisi degişli döwürde 10,73 million awtoulag öndürip, dünýäde 10,56 million awtoulag satdy.