Dün­ýä­niň kä­bir ýer­le­rin­de seý­rek ýag­daý­da hem bol­sa, ak reňk­li älem­go­şar gö­rün­ýär. Go­laý­da An­tark­ti­ka­da iş alyp bar­ýan hü­när­men­ler şeý­le te­bi­gy ha­dy­sa­nyň şa­ýa­dy bol­du­lar. Ýa­gyş dam­ja­la­ry­nyň dö­wül­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän älem­go­şar adat­ça dür­li reňk­li hem-de ýa­rym Aý şe­ki­lin­de bol­ýar. Em­ma örän seý­rek ýag­daý­da reňk­siz, ýag­ny ak älem­go­şar hem duş gel­ýär. Mu­nuň se­bä­bi şöh­lä­ni döw­ýän suw dam­ja­la­ry­nyň örän ow­nuk bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Ýag­ny bu ha­dy­sa ümür­li ho­wa­da duş ge­lin­ýär.
Seý­rek ýag­daý­da ak älem­go­şa­ryň ýo­kar­sy na­rynç, aşa­gy be­new­şe reňk­li hem bo­lup bil­ýär. Ak älem­go­şar adat­ça, pol­ýar se­bit­ler­de ga­bat gel­ýär.

Mahym Mawyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.