“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da”, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Milli mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, hal­ky­myz üçin ze­rur bo­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­le­ri üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, şeý­le hem Ahal we­la­ýa­tyn­da Al­tyn asyr et­ra­by­nyň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da Ga­raş­syz­lyk we Gu­ba­dag et­rap­la­ry­nyň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da Fa­rap, Döw­let­li we Ga­ra­be­ke­wül et­rap­la­ry­nyň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da Oguz­ han et­ra­by­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Al­tyn asyr et­ra­by­nyň hä­kim­li­gi, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ga­raş­syz­lyk we Gu­ba­dag et­rap­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Fa­rap, Döw­let­li, Ga­ra­be­ke­wül et­rap­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Oguz ­han et­ra­by­nyň hä­kim­li­gi dö­re­dil­di.

Ahal, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri­ne Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi, Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi, Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de, de­giş­li­lik­de, gör­ke­zi­len hä­kim­lik­le­riň gur­luş­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­ny, iş­gär sa­ny­nyň möç­be­ri­ni taý­ýar­la­mak hem-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne ber­mek tab­şy­ryl­dy.

***

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­ne Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da ýyl­da 1 million 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­myň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ony ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ba­ra­da Ýa­po­ni­ýa­nyň “Mit­su­bis­hi Heavy In­dust­ri­es, Ltd.” we Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň “Gap In­şa­at Ýa­ty­rym we Dyş Ti­ja­ret Ano­nim Şir­ke­ti” kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len şert­na­ma bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di. Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2026-njy ýy­lyň iýul aýyn­da baş­la­mak we top­lu­my 2030-njy ýy­lyň few­ral aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.

(TDH)