«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we sebitleriň depginli ösmegini gazanmak, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly güýjünde peýdalanmak, eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri höweslendirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmek, kiçi we orta telekeçiligi giňden goldamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ýurdumyzda meýilleşdirilýän möhüm halkara çäreleri, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda:
ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;
welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine, beýleki edaralara miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag, üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek bellenildi.
Şeýle hem resminama bilen, Daşky gurşawy goramak ministrligine ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerini, beýleki edaralary ýeterlik mukdarda üzüm hem-de 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle-de olaryň ekilişine, ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady, medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda çykaran 1110-njy Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Köneürgenç etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Merkezi bankyna görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermek bellenildi.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, ýurdumyzy durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2026-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.
Şeýle hem resminama bilen, 2026-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Topara welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda we Aşgabat şäherinde iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek bellenildi.
Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.
***
Ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2026-njy ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna we ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligine iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmek, möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalarydyr desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk Tertibine goşulmagyny üpjün etmek bellenildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň möhlet tertibine laýyklykda alnyp barlyşy baradaky her aýlyk hasabaty ýöretmek hem-de şol hasabaty, degişlilikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bermek tabşyryldy.
PDF









