Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda önümçiligi hem-de ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň innowasion ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň ähmiýetini has-da artdyrmak, milli intellektual eýeçilik ulgamynyň hukuk binýadyny halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklandy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna konsepsiýada we meýilnamada bellenen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.