Ilatyň köpelmegi adatça, ösüşiň alamaty hasaplanýar, emma häzirki wagtda dünýäde ilatyň azalmagy ýaly tendensiýalar has köp göze ilýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýyla çenli 42 ýurt we sebit ilatyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup, käbirlerinde pese gaçyşyň derejesi beýlekilerden has ýokary. Muňa garamazdan, tutuş dünýä ilaty ýylda, ortaça, 1% ösýär.
Ilatynyň sany azalýan ýurtlaryň köp bölegi Gündogar Ýewropada ýerleşýär. Kosowa, Moldowa we Demirgazyk Makedoniýa ilat sany azalýan ýurtlaryň arasynda öňde durýar. Onuň esasy sebäbi emigrasiýa, adamlaryň daşary ýurtlara köpçülikleýin göçmegidir. Soňky onýyllyklarda Gündogar Ýewropa ýurtlary Günbatar Ýewropa bilen deňeşdirilende, aýlyk haklarynyň tapawudy sebäpli ýokary emigrasiýa derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şeýle hem Gündogar Ýewropa ýurtlary işçileriň ondan-oňa kanuny geçişini ýönekeýleşdiren Ýewropa Bileleşiginiň integrasiýasyndan peýdalandy.
Geň tarapy, ilatyň azalmagy Germaniýa, Ýaponiýa, Hytaý we Italiýa ýaly iri ykdysadyýetli ýurtlarda hem bolup geçýär. Bu ýurtlarda pese gaçmagyň depgini onçakly uly bolmasa-da, olaryň ykdysadyýetleriniň gerimi demografik üýtgemäni global derejede ähmiýetli edýär.
Hökümetler dogluş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen dürli çäreleri görýär, ýöne olaryň netijeliligine baha bermek entek ir. Ýaponiýada çagalaryň abadançylygyna we mekdebe çenli bilim almagyna gözegçilik edýän täze agentlik – Çagalar we maşgalalar boýunça agentlik döredildi. Hytaýda üç ýaşa ýetmedik çagalar üçin her ýylda 3600 ýuan (505 amerikan dollary) möçberinde milli subsidiýa girizildi.