Rim Papasy Lew XIV aprel aýynyň ortalaryndan başlap, dört Afrika ýurdunda on günlük saparda bolar. Ol ilki Alžire barar. Pontifik Alžirde we Annabede 13-15-nji aprelde bolar. Bu katolik ybadathananyň ýolbaşçysynyň yslamyň döwlet dini bolan ýurda ilkinji sapary bolar diýip, “rg.ru” habar berdi.
Geçen ýylyň dekabrynda pontifik keramatly Awgustiniň ömür süren ýerlerini görmek, şeýle hem hristian we musulman dünýäleriniň gatnaşyklarynyň berkidilmegi hem-de dialogy dowam etdirmek maksady bilen, Alžire gitmekçidigini habar beripdi.
Yslam döwlet dini bolsa hem Alžir Respublikanyň Konstitusiýasy özge dini ynanja uýýanlar üçin erkinligi kepillendirýär.
Keramatly Awgustin (354-430) hristianlygyň beýik alymy, ol Alžiriň Suk-Ahras welaýatynda ýaşapdyr we Gipponyň, häzirki Annabeniň ýepiskopy bolupdyr.
Papa şeýle hem Alžiriň birgiden etraplaryna zyýarat etmegi meýilleşdirýär.
Lew XIV sapary dini landşaftda çuňňur özgerişlikleriň bolup geçýän häzirki döwründe parahatçylyga çagyryş bolar diýlip, Watikanyň beýanatynda bellenýär.
Pontifik Afrika saparyny Ekwator Gwineýasynda 21-23-nji aprelde tamamlar.