25-nji oktýabrda Italiýanyň paýtagty Rim şäherindäki «Musei Capitoliniň»
(Kapitoliý muzeýi) çäginde ýerleşýän «Palazzo dei Conservatori» zalynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi açyldy. Bu çäre Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa, medeni miras we ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädimdir. Sergi 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam eder.
Serginiň maksady Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasynyň halkara derejede tanalmagyna goşant goşmakdyr. Iki ýurduň arasynda arheologiýa we medeni miras goragy babatda hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem medeni diplomatiýany ösdürmek serginiň esasy ugurlarydyr.
Sergi ýokary hilli arheologik eksponatlar bilen, aýratynlykda iki esasy medeniýeti görkezýär: Margiana medeniýeti we Parfiýa imperiýasy. Margiana medeniýeti boýunça Goňurdepe ýaly şäher toplumy, gymmatbahaly bezegler, palçykdan ýasalan heýkeller görkezilýär. Parfiýa döwrüne degişli Nusaý şäherindäki tapyndylar hem sergide orun alýar.
Serginiň arheologik we ylmy ähmiýeti: bu sergi Margiana we Parfiýa medeniýetleriniň dünýä siwilizasiýasyndaky ornuny görkezýär. Türkmen we italýan alymlarynyň hyzmatdaşlygynyň netijesinde taýýarlanan tapyndylar dünýä jemgyýetçiligine hödürlenýär.
Serginiň medeni diplomatiýadaky orny: sergi Türkmenistanyň daşary syýasatynda medeni diplomatiýanyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynda bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi diňe bir arheologik tapyndylary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň baý medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmaga gönükdirilendir. Bu çäre Türkmenistanyň halkara medeni hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny aňladýar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi medeni hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Kakageldi TÄÇMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
 PDF
 PDF 
		

 
                         