Italýan barlagçysy Walentina Salerno Mikelanjelo Buonarrotiniň ozal näbelli bolan 20 sany işini ýüze çykardy. Bu barada “Il Messaggero” neşiri barlagçynyň «Mikelanjelonyň soňky günleri» atly kitabyna salgylanyp habar berýär.
Geçirilen barlag suratkeşiň öz eserleriniň bir bölegini ýok edendigi baradaky çaklamany ret edýär. Täze gipotezanyň esasynda, Mikelanjelo eserlerini gizlin ýerde saklamak üçin kömekçilerine beripdir.
«Italiýanyň we daşary ýurtlaryň dürli arhiwlerinde, şol sanda Döwlet arhiwinde we Watikanda saklanýan 500 ýyllyk resminamalary öwrenmek, toplamak we deňeşdirmek arkaly, azyndan ýigrimi sany täze eseriň hakykylygyny tassyklaýan tutuş taryhy zynjyry yzarlamak başartdy» diýlip, materialda bellenilýär.
Resminamalarda naýbaşy eserleri saklamak üçin niýetlenen, ýörite gulply otag barada agzalýar. Häzirki wagtda ol otag boş, emma taryhy resminamalar Renesans döwrüniň beýik suratkeşiniň gizlin mirasynyň hakykatdan hem bolandygyny anyk görkezýär.
PDF









