Tehnologiýanyň barha ösýän ýurdy bolan Hytaýyň paýtagty Pekinde robotlaryň arasynda futbol duşuşygy boldy. Her toparyň düzüminde 3 futbolçy bolan jemi dört topar öz aralarynda bäsleşdiler. Şeýle ýaryşlar ozal geçirilen hem bolsa, bu robotlar dolulygyna özbaşdak hereket edip, olara adam hiç-hili goşulmady. Guramaçylar bu ýaryşyň şu ýylyň 15-17-nji awgustynda geçiriljek Bütindünýä adamsypat robot oýunlaryna taýýarlykdygyny aýdýarlar. Ösen sensorlar bilen enjamlaşdyrylan robotlar topuň ýerini anyklap, ony derwezä gönükdirip depmegi başarýarlar. Ýykylan robotlar bolsa, ýerinden özbaşdak turup bilýärler.
Golaýda Pekinde robotlaryň arasynda ylgaw ýaryşy hem geçirilipdi. Emma şol ýaryşda robotlary adamlar dolandyrypdy.