Dubaýda dünýäde ilkinji gezek dolulygyna robotlar tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýy (willa) peýda bolar. Bu bina baradaky taslamany ýerli häkimlik (munisipalitet) mälim etdi. Taslamany durmuşa geçirmäge 25-den gowrak tehnologiýa kompaniýasy we institut gatnaşar.
Taslamanyň gatnaşyjylary diňe bir aýry-aýry maşynlary däl, eýsem, tutuş gurluşyk işiniň doly awtomatlaşdyrylmagyny synagdan geçirmegi maksat edinýärler. Taýýar boljak willa ýöne bir sergi nusgasy bolman, eýsem hakyky ýaşaýyş jaýynyň ähli ülňülerine laýyk gelmelidir.
Bu habar Gurluşykda innowasiýalar we barlaglar merkeziniň açylyş dabarasynda mälim edildi. Bu merkeziň maksady – täze nesliň gurluşyk çözgütlerini, şäher ulgamlaryny we geljegiň infrastrukturasyny goldamakdan ybaratdyr.
Hünärmenleriň belleýşi ýaly, dünýäde işçi güýjüniň ýetmezçiligi meselesi barha ýitileşýär. Robototehnika we emeli aň bolsa işçi güýjüniň ýetmezçiliginiň öwezini doldurmaga mümkinçilik berer. “Gulf News” neşiriniň habar bermegine görä, Dubaýda willanyň gurulmagy – awtomatlaşdyrylan gurluşygy dünýä derejesinde amala aşyryp boljak nusga öwürmek üçin ädilen ädimdir.
PDF








