ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlandy. “G” toparçanyň soňky oýunlarynda Ýewropanyň 2 läheňi duşuşdy. Toparçanyň liderini kesgitleýän bu oýunda “Mançester Siti” topary “Ýuwentusy” 5-2 hasabynda derbi-dagyn etdi. Iňlis klubunyň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Sitiniň” gollaryny Doku (9), Kalulu (26), Holann (26), Foden (69) hem-de Sawinio (75) geçirdi. “Ýuwentusyň” adyndan bolsa Koopmeýners (11) bilen Wlahowiç (84) tapawutlandy.
Toparçadaky beýleki oýunda bolsa BAE-niň “Al Ain” topary Marokkonyň “Widad” toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi. Mailulanyň 4-nji minutdaky goluna Abu dabililer Laba (45+1 p) hem-de Kakunyň (50) gollary bilen jogap berdi. Duşuşykda bir gezek tapawutlanan 24 ýaşyndaky hüjümçi Erling Holannyň karýerasyndaky gollarynyň sany 300-e ýetdi.
Geçen möwsümi kuboksyz tamamlan “Mançester Sitide” toparyň esasy oýunçylaryndan Rodriniň şikesden saplanyp, kluba dolanmagy şäherlileriň gazanýan netijelerine oňyn täsir etdi. “Mançester Siti” bu ýaryşyň çäginde toparçada 3 duşuşykda hem ýeňiş gazanan ýeke-täk topar boldy.