Portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň täze möwsümdäki ykbaly belli boldy. 40 ýaşyndaky oýunçy häzirki çykyş edýän kluby “Al Nassr” bilen 2 ýyllyk täze şertnama baglaşdy.
Ol “Al Nassrda” 2,5 möwsüm çykyş edip, 105 oýunda 93 gol geçirdi, 19 asist etdi. Ronaldo “Al Nassr” bilen resmi ýaryşlarda kubok gazanyp bilmedi.
“The Sun” gazeti Ronaldonyň 2 ýyllyk täze şertnamasynyň jikme-jik maddalaryny mälim etdi. Şoňa görä, Ronaldo ýyllyk 178 million funt sterling hak alar. Mundan başga-da oňa gol çekişeni üçin 24,5 million funt sterling berler. Bu san 2-nji ýylynda 38 million funt sterlinge çykar.
Bulardan başga-da, Ronaldo 33 million funt sterling möçberinde 15 göterimlik paý berler. Ol SPL-de iň köp gol salan oýunçy bolsa, goşmaça 4 million, “Al Nassr” çempionlyk gazansa 8 million, AFK Çempionlar Ligasy 2-de ýeňiji bolsa 6,5 million funt sterling alar.
Ronaldonyň hususy uçarynyň ähli çykdajylary hem klubuň boýnuna bolup, Saud Arabystanyndaky täze hemaýatkärlik şertnamalary üçinem ýörite goldaw berler.
Galyberse-de, Ronaldo her goly üçin 80 müň, her asisti üçinem 40 müň funt sterling alar. Şertnamanyň 2-nji ýylynda bu görkezijiler 20 göterim artar.
Foto: “Al Nassryň” internet saýtyndan alyndy.