“Al-Nassr” toparynyň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo umumylykda çempionatyň ýagdaýyny adalatsyz ýaryşa öwürýändigini beýan edip, ozalky topardaşy Karim Benzemanyň “Al-Hilala” transfer bolmagyny islemändi we öz nägileligini bildirmek maksady bilen toparynyň türgenleşiklerine we duşuşyklaryna gatnaşmandy. Soňlugy bulen Ronaldo türgenleşige çykyp başlasa-da toparynyň şu agşamky “Al-Ittihad” bilen boljak duşuşygynda meýdança dolanmaz. Ol bu barada habar beripdi.

“Al-Nassr” toparynyň mundan soňky oýny bolsa AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň çäginde Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary bilen bolar. Duşuşykda super ýyldyzyň oýnap-oýnamajakdygy häzirem öz näbelliligini saklap gelýär. “Al-Nassr” toparynyň duşenbe gününde ýurdumyza gelmegine garaşylýar. “Arkadag” bilen “Al-Nassr” toparlarynyň arasyndaky oýun çarşenbe güni, ýagny 11-nji fewralda oýnalar we duşuşyk 18:45-de başlanar.