Soňky on iki aýda rus rubly 1994-nji ýyldan bäri hümmedini güýçli ýokarlandyrdy we tamamlanyp barýan ýylda dollara bolan gatnaşykda esasy pullardan öňe saýlandy diýip, «Bloomberg» agentligi habar berdi. Agentlik bu ýagdaýyň syýasatçylary aňk edendigini ýazýar.
Habarda rus rublunyň ýylyň başyndan bäri 45% hümmetlenendigi bellenýär. Şeýle netijäniň sebäpleriniň biri hökmünde neşir «berk pul-karz syýasatyny» görkezýär.