Gurban baýramyna halkymyz aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe – beýik geljege gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar».
Gurban baýramy ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp toýlarymyzyň biridir. Toý günlerinde milli däp-des-surlarymyza, urp-adatlarymyza, ajaýyp ýörelgelerimize birkemsiz eýerilýär, bu baýram şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýär. Her bir mukaddes maşgala ojagynda gurban sadakalary berilýär, toý saçaklary giňden ýazylýar, birek-birege görme-görşe gelinýär, bereketli supradan hödür-kerem edilýär. Şeýle bolansoň, Gurban baýramy adamlary has-da ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Ata-babalarymyzyň bu baýrama aýratyn uly ähmiýet bermegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu mukaddes baýramçylygyň şanyna üç günüň dowamynda güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary, dürli näz-nygmatlar taýýarlandy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjiligimiziň, dost-doganlygymyzyň binýady bolup hyzmat edýän milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmek we baýlaşdyrmak bilen, eziz Watanymyz ösüşleriň has ýokary belentliklerine ýetýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, il-günümiziň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň milli ýörelgeleri öz gözbaşyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýar. Milli ýörelgeler türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Merdana halkymyzyň mertebesini has-da beýgeldýän döwletlilik ýörelgeleri milli buýsanjymyzdyr we asyrlaryň dowamynda kemala gelen durmuş kadalarymyzyň esasydyr.
Gurban baýramy barlyga şükranalyk baýramydyr. Bu baýram Garaşsyz ýurdumyzda milli baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenilip gelinýär. Millilik derejesine göterilmek beýiklikden, mertebelilikden nyşan. Döwletimiz bu baýramy milli baýram hökmünde ykrar edip, onuň arzysyny artdyrdy.
Uly şowhuna beslenip geçen Gurban baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler! Ýeneki ýyllarda ýeneki Gurban baýramlaryna Beýik Allanyň özi ýetirsin!
Baýgeldi NURMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň himiýa tehnologiýasy fakultetiniň dekanynyň okuw işleri boýunça orunbasary.