“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň çäginde Reşt-Astara demir ýol şahasynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde başlar. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Russiýanyň energetika ministri Sergeý Siwilýow Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisinde žurnalistlere mälim etdi.
Energetika ministri taraplaryň taslamanyň başladylmagyna päsgel berýän ähli jedelli meseleleri çözmegi başarandyklaryny habar berdi.
-“Demirgazyk-Günorta” geçelgesi diňe bir energetika geçelgesi däl, eýsem ulag geçelgesidir. Reşt-Astara demir ýol şahasy gurluşygy hem şonuň bilen baglydyr. Biz ozal bar bolan ähli meseleleri, şol sanda ýerleri resmileşdirmek we ýeňillikleri almak ýaly işleri işläp düzdük. Biz şu gün 1-nji aprelde Russiýadaky ulag hepdeliginde bu taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy barada gutarnykly ylalaşygyň boljakdygyny aýtdyk” diýip, Siwilýow belledi.
Ministr gurluşyga taýýarlyk işlerine gatnaşan hünärmenleriň işine ýokary baha berdi. 2023-nji ýylda Russiýa we Eýran “Demirgazyk-Günorta” taslamasynyň çäginde Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Reşt-Astara ýolunyň 160 kilometrlik bölegini bilelikde gurmak barada ylalaşyga gol çekipdiler, bu bolsa Pars aýlagynyň portlaryna çenli üznüksiz gatnawy üpjün eder. Taslamanyň umumy bahasy 1,6 milliard ýewro barabardyr. Moskwa we Tähran taslamalaşdyrmagy, gurluşygy, şeýle hem harytlaryň we hyzmatlaryň üpjün edilmegini bilelikde maliýeleşdirerler.
Esasy Dünýä täzelikleri Russiýa we Eýran 1-nji aprelde Reşt-Astara demir ýolunyň gurluşygyna başlaýar
PDF









