Russiýada 43 ýolagçysy we 6 ekipažy bolan uçaryň gaçandygy habar berilýär. Maglumatlarda “An-24” uçary bilen aragatnaşygyň kesilendigi, Amur sebitindäki Tynda aeroportundan 15 kilometr uzaklykda dag eteklerinde onuň üstünden barlandygy mälim edilýär. Amur sebitiniň gubernatory Wasiliý Orlow ýiten uçarda 43 ýolagçynyň we 6 ekipažyň bardygyny aýtdy. TASS agentligi heläkçilige uçran uçarda halas bolan adamyň ýokdugyny habar berdi.
“Angara Airline” awiakompaniýasyna degişli uçar Tyndadan Hytaýyň serhedine golaý Amura barýardy. Uçar ýitenden soňra ony gözlemek üçin halas ediş toparlary iberildi.