Russiýa bilen Hytaýyň arasynda wiza şertnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda 15-nji sentýabrdan başlap, rus raýatlary Hytaýda 30 güne çenli wizasyz galyp bilerler. Hytaý soňky bir-iki ýylda dünýäniň köp ýurduna syýahatçylyk we üstaşyr wizalary ýatyrypdy. Olaryň arasynda Ýewropa ýurtlary hem bar.