Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň uçary Aşgabadyň halkara howa menziline gondy diýip, TASS habarlar agentliginiň habarçysy habar berdi.
Saparyň dowamynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebitleýin gün tertibiniň we häzirki halkara meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Saparyň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrleri 2025–2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekerler.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow soňky gezek 2022-nji ýylyň iýun aýynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelipdi.