Russiýanyň çempionatynda täze çempion peýda boldy. Möwsümiň iň soňky tapgyrynda öz meýdançasynda Moskwanyň “Dinamosyny” Kordoba, Kriwsow hem-de Spersýanyň gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňen “Krasnodar” 17 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Russiýanyň çempiony bolmagy başardy. Şunlukda, “Krasnodar” topary “Zenitiň” 6 ýyllyk çempionlyk ýörişini soňlandyryp, RPL-de ýeňiji bolan 7-nji klub hökmünde hasaba alyndy. Russiýada Krasnodar şäheri Moskwa, Sankt-Peterburg, Kazan hem-de Wladikawkazdan soň topary çempionlyk gazanan 5-nji şäher boldy.

“Ahmat” toparyny Mostowoýyň (2) hem-de Pedronyň gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňen “Zenit” toparyna bu ýeňiş çempionlyk üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, “Zenit” topary esaslandyrylanynyň 100 ýyllyk ýubileýini (1925-nji ýylyň 25-nji maýynda esaslandyryldy) kümüş medal bilen geçirmeli bolar. Çempionatda Moskwanyň toparlary – SSKA, “Spartak”, “Dinamo”, “Lokomotiw” klublary 3-4-5-6-njy orunlary eýelediler.

Akron – Lokomotiw: 1-4 (Morozow 85 ö.d. – Batrakow 24 p, Worobýew 48, Pinýaýew 62, Dmitriýew 90+3 ö.d.),

Dinamo-Mahaçkala – Rostow: 1-1 (Kasintura 45 – Komarow 73),

Rubin – Orenburg: 4-2 (Şabanhajaý 5, 25, Daku 7, Ýoçiç 88 – Marin 11, Mansilýa 22),

Fakel – Krylýa Sowetow: 1-1 (Ilin 87 p – Oroz 29),

SSKA – Pari NN: 2-0 (Oblýakow 39 p, Şumanskiý 90),

Krasnodar – Dinamo: 3-0 (Kordoba 47, Kriwsow 82, Spersýan 90+10 p),

Spartak – Himki: 5-0 (Umýarow 4, Ugalde 36, Garsiýa 82, Mangaş 85, Zobnin 89),

Zenit – Ahmat: 3-0 (Mostowoý 25 p, 45+6 p, Pedro 59)