Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim hem-de sport ulgamlaryny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn, berk bedenli hem-de ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmek babatda döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ylmyň we bilimiň döwrebap derejede ösdürilmegi, bedenterbiýäniň we sportuň işjeň wagyz edilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaç bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap mekdepleriň, köpugurly stadionlaryň, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynyň, sport mekdepleriniň bina edilmegi ýaş nesliň sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmakda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanydyr.
Döwletimiz tarapyndan uly üns bilen gurşalyp alnan ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny dünýä derejesinde gazanan üstünlikleri bilen görkezýärler. Ýurdumyzda mekdep okuwçylaryny hem-de talyplary, şeýle hem türgenleri sylaglamak döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup, halkara bilim bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlerdir mekdep okuwçylary hem-de talyplar yzygiderli sarpalanýar.
15-nji dekabrda paýtagtymyzyň Başa-baş söweş sungaty binasynda şu ýylyň dowamynda halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelän mekdep okuwçylaryna, talyplara, şeýle hem halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden türgenlere we ussat tälimçilere Şa serpaýlary ýapyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertler döredilýär, tejribeli mugallymlar we ussat tälimçiler bolsa ýaş nesilleriň dürli ugurlarda üstünlikleri gazanmaklary üçin netijeli işleri alyp barýarlar.
2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryny döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň gatnaşan bäsleşikleriniň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden, şonuň ýaly-da, olara gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.
Dünýä derejeli olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan okuwçylaryň her birine 40 müň manat, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan okuwçylara 70 müň manat möçberde pul baýragy, üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan talyplara 40 müň manat, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan talyplara 70 müň manat möçberde pul baýragynyň gowşurylmagy türkmen ýaşlarynyň şatlygyny goşalandyrdy.
Halkara olimpiadalarda birinji orna hem-de altyn medala mynasyp bolan talyplara 100 müň manat möçberdäki pul baýragynyň, ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary taýýarlan mugallymlaryň her birine 100 müň manat möçberinde pul baýragynyň gowşurylmagy uly ähmiýete eýe boldy.
Şeýle hem türkmen türgenleri gazanan üstünlikleri boýunça gymmat bahaly sylaglardan paýly boldular. Halkara ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenlere 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açarynyň gowşurylmagy, ikinji we üçünji orny eýelän türgenlere degişlilikde 40 müň manat hem-de 70 müň manat möçberinde pul sylaglarynyň gowşurylmagy ýurdumyzda türgenlere goýulýan uly hormatyň nyşanydyr. Ýaryşlarda bürünç we kümüş medallara mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçileriň her birine 70 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy. Halkara ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçilere «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.
Tamamlanyp barýan ýylda geçirilen bu dabaraly çäre täze sport hem-de ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikleriň oňyn başlangyjy boldy.
Orazniýaz KERIMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









