Demi Skipper atly “TikTok” ulanyjysynyň eden işi hemmäni haýrana goýdy. Skipper saç gysajyny öý bilen çalyşdy. Başa-baş çalyşylmadyk hem bolsa-da, Skipper öý almak saç gysajyndan başga zat bermedi. Wakanyň has düşnükli bolmagy üçin habaryň yzyny okaň!
ABŞ-nyň ýaşaýjysynyň 5 million yzarlaýjysy bolan “Trademeproject” atly “TikTok” akkaundy bar. Geçen ýylyň maý aýynda Skipper “Trade Me Project” atly taslamany durmuşa geçirip başlady. Ol bu işe 2006-njy ýylda bir skrepkany öý bilen çalyşan adam barada eşideninden soňra girişipdir. Şol ýyllar Kaýli Makdonald atly adam onlaýn söwda arkaly skrepkasyny öý bilen çalyşan eken. Skipper hem edil Makdonaldyň edenini etdi. Ahyrky maksady öý edinmek bolan zenan ilki bilen saç tokasyny gulakhalka bilen çalyşdy. Soňra San-Fransisko şäherinde gulakhalkasyny has ulurak zatlar bilen çalyşdy. Munuň üçin internet dünýäsinde “eBay”, “Facebook” we “Craiglist” ýaly web saýtlardan peýdalandy. Onuň ilkinji eline alan degerli zady tozan sorujy boldy. Soňra tozan sorujyny snoubord bilen, snoubordy ýan kompýuter bilen çalyşdy. Kompýuterini kamera derek başga birine berdi. Kamerany bolsa bir “iPhone”-a satdy. “iPhone”-y 2008-nji ýylda öndürilen “Dodge” awtoulagyna derek başga birine berdi. “Dodge” ulagyny bolsa, “Mini Cooper” bilen çalyşdy. Soň edinen “Honda CRV” ulagyny üç sany traktora çalyşdy. Traktorlary bolsa “Tesla Powerall” energiýa saklaýjysyna çalyşdy. “Tesla Powerall”-yň deregine bahasy 40 müň dollar bolan tirkeg aldy. Tirkeg onuň arzuwyna ýetmegine sebäp bolan zynjyryň soňky halkasy boldy. Ol tirkegi Naşwil şäherindäki bir öý bilen çalyşdy. Skipper geljek ýylyň başynda ýanýoldaşy bilen Kaliforniýadan täze öýlerine göçmegi maksat edinýär.