Adamlaryň aglaba bölegi saçyna aýratyn ideg etseler hem saçynyň düşýändiginden zeýrenýärler. Saçyň her gün ortaça 50-100 tarynyň gaçmagy adaty ýagdaý hasaplanýar. Ýöne saçyň düşmegi bu ölçegden geçende ýagdaýy anyklamak zerur bolup durýar. Köpleriň saçynyň düşmegi genetika, gormonal deňagramsyzlyk, iýmit ýetmezçiligi, stres, ýarawsyzlyk ýa-da derman serişdeleriniň nädogry ulanylmagy bilen düşündirilýär. Saçyňyzyň yzygiderli düşmegi sizi aladalandyrýan bolsa, tebigy melhemlerden peýdalanyp bilersiňiz. Bilermenler saçynyň düşmeginden ejir çekýänlere şu tebigy usullardan peýdalanyp görmegi maslahat berýärler.
Kokos ýagy. Laurin turşusyna baý kokosyň ýagy saçyň öýjüklerini nemlendirýär, beloklaryň ýitmeginiň öňüni alýar we saçyň köklerini güýçlendirýär. Eliňe kokos ýagyny damdyryp, mazaly siňýänçä kelläňe sürtmeli. 1-2 sagat ýa-da tutuş gije goýanyňyzdan soň, saçyňy mylaýym suwuň aşagynda ýuwmaly. Şampun ulanmazdan bu usuly hepdede 2-3 gezek ulanyp bilersiňiz.
Zeýtun ýagy we sarymsak. E witaminine we antioksidantlara baý zeýtun ýagy saçyň öýjüklerini iýmitlendirýär. Bir çaý çemçesi zeýtun ýagyna ownujak dogralan iki çaý çemçesi sarymsagy goşmaly. Melhem mazaly alşandan soň, garyndyny saçyňa owkalap siňdirmeli. 30 minut goýanyňdan soň mylaýym suw bilen ýuwmaly.
Aloe şiresi. Aloe gülüniň şiresi saç üçin iň gowy tebigy melhemleriň biridir. Aloe şiresi saçy nemlendirýär, kelläni rahatlandyrýar, saçyň ösmegine kömek edýär. Aloe ýapragynyň gabygyny arassalap, içindäki şepbigi kesip almaly. Soňra şiräni saçyňa çalyp, 30-60 minutlap goýmaly. Aloe şiresine kokos ýagyny ýa-da zeýtun ýagyny hem goşup bilersiňiz. Bu usuly hepdede 1-2 gezek gaýtalap bilersiňiz.
Soganyň suwy. Düzüminde kükürt bolan soganyň suwy saçyň düýbüni güýçlendirýär, kelledäki gan aýlanyşygyny ýokarlandyrýar we saçyň kadaly ösmegine ýardam edýär. Antioksidantlara baý bolan soganyň suwy saçyň tarynyň döwülmeginiň hem öňüni alýar. Munuň üçin sogany ownujak dogramaly ýa-da gyrgyçdan geçirmeli. Soňra soganyň suwuny sykyp, süzgüçden geçirmeli. Taýýar bolan ýiti ysly suwuklygy kelläňe sürtüp, 30-60 minut garaşmaly. Soňra saçyňy şampun bilen ýuwup, mata süpürgiç bilen doly guratmaly.
Gök çaý. Demini alyp, sowan gök çaý bilen kelläňi ýuwmak saç dökülmesiniň öňüni almaga ýardam edýär. Gök çaýdaky antioksidantlar we B witamini saçyň ýalpyldawuk görünmegine hem-de kadaly ösmegine ýardam edýär. Bu usuly hepdede 3-4 gezek ulanyp bilersiňiz.
Bilermenler saçyň kadaly ösmegi üçin lukmanyň maslahaty bolmazdan berhiz saklamazlygy, ukyňy ýeterlik derejede almagy, stresden uzakda bolmagy, miwe we gök önümleri köp iýmegi, tiz tagamlardan gaça durmagy maslahat berýärler.
PDF









