Ýurdumyzyň ähli ýerinde 2024 – 2025-nji okuw ýylyny üstünlikli tamamlan çagalar tomusky dynç alyş möwsümine çykdylar. Möwsümi netijeli hem-de şagalaňly geçirmek maksady bilen maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy netijesinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine guramaçylykly girişildi. Çagalar Awazadaky, Gökderedäki we welaýatlaryň çäginde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dabaraly ugradyldy.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan üç tapgyrda hereket eder, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurduň dürli künjeklerinden
7145 çaganyň dynç alşy guralar.
Welaýatlarda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda hereket edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 1500 çaganyň dynç alşy guralar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 10 günden ybarat bolan
4 tapgyrda hereker edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurduň dürli künjeklerinden 1783 çaganyň dynç alşy guralar.
Çaganyň şahsyýetiniň kemala gelmegi daşky gurşawyndan öwrenen zatlaryna baglydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda çagalaryň kämil ösüşini üpjün etjek gurşawyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Boş wagtlarynda sport ýa-da döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň ruhy kämillige ýetmäge mümkinçiligi artýar. Ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy bolsa Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadydyr. Munuň özi ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy, olaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeniýetli geçirmekleri bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda çagalaryň gatnaşmagynda halkara medeni çäreler, şol sanda çagalar festiwallary yzygiderli geçirilýär. Munuň özi Ýer ýüzüniň çagalaryna biziň ýurdumyz, onuň ýeten belent sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda çagalar hakynda uly alada edilýändiginiň ýene bir mysalydyr.
Häzirki wagtda mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen çagalaryň dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Çagalaryň köpüsi wagtyny şadyýan we manyly geçirmek üçin dynç alyş merkezlerini saýlaýarlar. Bu ýerde olar täze dostlary tapynýarlar, dürli oýundyr güýmenjeler bilen meşgul bolýarlar. Dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň guraýan çäreleri çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmagynyň iň gowy usulydyr. Gyzykly çäreleriň dowamynda çagalar topar bolup işlemegi we her bir işde birek-biregi goldamagy öwrenýärler.
Ösüp gelýän nesliň dynç alyş günleriniň dürli görnüşli we gyzykly çärelere baý bolmagy üçin çagalaryň ygtyýaryndaky döwrebap sagaldyş merkezleri ähli mümkinçiliklere eýedir. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde dürli oýunlary oýnamak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen ajaýyp meýdançalar, tans zallary, kompýuter tehnologiýalarynyň muşdaklary üçin merkezler, el işleri üçin gurnaklar, teatr we şekillendiriş sungatynyň studiýalary ýerleşýär, baý kitap gaznaly kitaphanalar işleýär.
Şeýle hem dynç alyş merkezlerinde medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Merkezlerde belli sahna ussatlarynyň – meşhur teatr we sirk, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bolar. Çagalar üçin ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp ýerlerine gezelençler guralar. Körpeler taryhy-medeni ýadygärliklere, paýtagtymyzyň muzeýlerine, dynç alyş merkezlerine baryp görerler.
Bir söz bilen aýdylanda, Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, ýurdumyzyň beýleki künjeklerindäki dynç alyş merkezlerinde dynç aljak çagalara gyzykly çäreler garaşýar.
Çagalaryň oňat dynç almaklary üçin döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Okuwçylaryň dynç alýan wagtlaryndaky her bir şadyýan pursatlary olaryň ýadyndan çykmajak derejede geçirilmegi, çagalary täze okuw ýylynda oňat okamaga, elmydama göreldeli bolmaga ruhlandyrýar. Şonuň üçin bilim ulgamynyň işgärleri tarapyndan çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň geçirilişine-de uly üns berilýär. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleriniň talabalaýyk guralmagy barada döwlet derejesinde oňyn çözgütler kabul edilýär. Çagalaryň dynç alyş günleriniň ýörite iş meýilnamasy düzülip, onda bagtyýar çagalarymyzyň 3 tapgyra bölünip şadyýan dynç almaklary göz öňünde tutulandyr.
Güljan IŞANGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.