Çagalar – berkarar Watanymyzyň beýik geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleri. Şoňa görä-de, olar bu gün çäksiz alada we tükeniksiz söýgi bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýşyny üpjün etmäge, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu gün eziz Diýarymyzyň iň gözel künjeklerinde hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, obalarda, şäherçelerde we şäherlerde gurlan döwrebap orta mekdeplerdir çagalar baglary, sport mekdepleri hem-de beýleki desgalar ýaş nesil hakdaky aladalaryň dabaralanmasy bolup durýar. 2024 – 2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalaryň wagtlaryny many-mazmunly, şadyýan geçirmekleri ugrunda ähli tagallalar edilýär. 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda döwletimiz boýunça tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň degresini dag etekläp oturan gözel Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mynasyp dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri, wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda hereket eder, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 7145 çaganyň dynç alşy guralar. Döwletimiziň welaýatlarynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda hereket edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 1500 çaga dynç alar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 10 günden ybarat bolan 4 tapgyrda hereket edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 1783 çaganyň dynç alşy guralar.
Şunuň bilen bir hatarda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwründe olaryň dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirmegine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem özüniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Türkmen talyplary çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bu döwürde terbiýeçilik tejribeliklerini geçýärler. Möwsümiň dowam edýän günlerinde talyplar merkezlerde çagalaryň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly dabaralaryň, çeper okaýyşlaryň, sport bäsleşikleriniň guralmagyna kömek edýärler. Şeýle hem, talyplar çagalar bilen bilelikde tebigatyň gözel künjeklerine gezelençler guraýarlar. Mahlasy, tomusky dynç alyş möwsümi talyplarda hem-de mekdep okuwçylarynda ýatda galyjy pursatlara baý bolýar.
Ine, şeýle döwürde Gökdere çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyp ýaşlary hem iş tejribeligini geçýärler. Olar bu ýerde öz nazary bilimlerini amaly ýagdaýda iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda tagallalar edýärler.
«Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge aýratyn üns gönükdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Amantäç AGALIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.