Gyş paslynda dem alyş ýollarynda ýiti respirator ýokançlarynyň döredýän keselleri köp duş gelýär. Çünki, gyş paslynda kähalatlarda bedeniň aşa sowamagy sebäpli, immunitet peselip, ýiti respirator keseli bilen kesellemek ähtimallygy ýokarlanýar. Ýiti respirator ýokanjynyň birnäçe görnüşi bolup, olar dem alyş ýoluna zeper ýetirýär.
Bedeniň gowşamagy, kellagyry, bokurdagyň agyrmagy, üsgülewük, ysytma ýiti respirator ýokanjynyň ilkinji alamatlary bolup durýar. Ýiti respirator ýokanjy bilen kesellän näsag öýde bejeriş alanda, maşgala agzalary tarapyndan seredilende keseliň öňüni alyş düzgünleri doly we dogry berjaý edilmese, sagdyn adama ýokuşmagy mümkin.
Ýaşaýyş jaýynyň temperaturasynyň maýyl we çygly bolmagyny gazanmaly. Şeýle maksat bilen howany çyglandyryjy enjamlary ulanmaly. Gaty yssy saklanýan otagyň howasy gurak bolýandyr. Ýatda saklaň: yssy we guraksy howada wiruslaryň işjeňleşmegi hem-de köpelmegi üçin oňaýly şertler döreýär.
Burnuň içini duzly ergin bilen süpürip durmaly ýa-da oksolin melhemini çalmaly. Dem alyş ýollary şeýle usul bilen çyglandyrylyp durulmasa, wiruslaryň bedene aralaşmagy üçin oňaýly şert döreýär.
Islendik ýokanç keselden, şol sanda ýiti respirator ýokanjyndan goranmak hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň üçin beýleki ýiti respirator ýokançlaryň döremeginiň öňüni almaga kömek edýän düzgünleri berjaý etmek ýeterlikdir. Keselden goranmak üçin üsgürýän, asgyrýan adamlara ýakynlaşmakdan saklanmaly, ýiti respirator ýokanjyndan goraglylygy üpjün edýän agyz-burun örtükleri geýmeli.
– Asgyranyňda, üsgüreniňde agzyňy we burnuňy elýaglyk bilen ýapmaly;
– Her gezek daşardan geleniňde, naharlanmazdan öň eliňi sabynlap ýuwmaly;
– Elleşip, gujaklaşyp salamlaşmakdan saklanmaly;
– Üsgürýän, asgyrýan adamlardan daşda durmaly. Eger özüňde dümew alamatlaryny duýsaň, onda töweregiňdäki adamlara golaýlaşmaly däl;
– Köpräk suwuklyk içmeli. Witaminlere, makro-mikroelementlere we bedene zerur beýleki peýdaly maddalara baý bolan gök önümleri, miweleri iýmeli;
– Kesel alamatlary peýda bolanda gaýra goýman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Ýurdumyzyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda, saglyk öýlerinde isleg bildirýänler üçin dümew hem-de beýleki ýokanç kesellere garşy ýokary hilli waksinalar bilen öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.
Ýakub Altaýew,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki umumy onkologiýa bölüminiň
ylmy işgäri.