– Be­den ýan­gyç hök­mün­de il­ki ug­le­wod­lar­dyr be­lok­la­ry we beý­le­ki peý­da­ly mad­da­la­ry, soň ýag­la­ry sarp ed­ýär. Peý­da­ly mad­da­la­ryň uly ýit­gi­si­ne ýol ber­mez­den ýag­la­ryň ýa­kyl­ma­gy­ny ga­za­nyp bol­ýar­my?
– El­bet­de, mu­nuň üçin dog­ry iý­mit­len­me­li. Gün­de­lik ulan­ýan iý­mi­tiň­de wi­ta­min­le­riň, mi­ne­ral duz­la­ryň, ug­le­wod­la­ryň, aý­ra­tyn hem be­den üçin gur­lu­şyk ma­te­ria­ly bo­lup dur­ýan be­lok­la­ryň ýe­ter­lik bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly. Be­lok­lar di­ňe bir tür­gen­le­riň däl, eý­sem, is­len­dik bir ada­myň iý­mi­ti­niň mö­hüm dü­züm bö­le­gi bo­lup, be­de­niň ös­me­gin­de, pug­ta­lan­ma­gyn­da, be­den ul­gam­la­ry­nyň öz funk­si­ýa­sy­ny ka­da­ly ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar:
• Be­lok­lar be­den­de bo­lup geç­ýän äh­li bio­lo­gi­ki ha­dy­sa­la­ry tiz­leş­dir­ýän ka­ta­li­za­tor (hi­mi­ki we bio­lo­gi­ki ha­dy­sa­la­ry çalt­lan­dyr­ýan ýa-da ha­ýal­lad­ýan mad­da) bo­lup dur­ýar.
• Be­den öý­jük­le­rin­de bo­lup geç­ýän ener­ge­ti­ki alyş-ça­lyş hem-de mad­da çal­şy­gy be­lok fer­ment­le­ri­niň iş­jeň­li­gi­ne bag­ly bo­lup dur­ýar.
• Be­lok­lar gor­mon­la­ryň dü­zü­mi­ne gir­ýär we be­de­niň ösü­şi­ne tä­sir ed­ýär.
• Pro­te­in­ler do­ku­ma­la­ry kis­lo­rod we iý­mit­len­di­ri­ji mad­da­lar bi­len üp­jün edip, da­şaý­jy­nyň (trans­port) funk­si­ýa­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
• Spe­si­fi­ki be­lok mo­le­ku­la­la­ry bo­lup dur­ýan an­ti­te­lo­lar be­de­niň im­mun go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Tür­gen­le­re be­logyň baý çeş­me­si hök­mün­de ba­ly­gy, eti, ýu­murt­ga­ny, süýt önüm­le­ri­ni yzy­gi­der­li ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. De­ňiz ba­lyk­la­ryn­da be­lok­lar­dan baş­ga or­nu­ny tu­tup bol­ma­ýan po­li­doý­gun däl ýag kis­lo­ta­la­ry, ýu­murt­ga­da ami­no­kis­lo­ta­lar, ýag­lar we wi­ta­min­ler, süýt önüm­le­rin­dä­ki be­lok­da adam be­de­nin­de iş­le­ni­lip çy­ka­ryl­ma­ýan me­tio­nin be­lo­gy köp­dür. Tür­gen­ler öz iý­mi­tin­de etiň ýag­syz gör­nüş­le­ri­ni: gu­şuň, tow­şa­ny­ň, gö­lä­niň eti­ni ulan­ma­ly­dyr. Olar öz iý­mi­ti­ni düz­gün­leş­di­ren­de be­de­ne uly ag­ram sa­lyn­ýan­dy­gy se­bäp­li ug­le­wod­la­ryň köp muk­dar­da sarp edil­ýän­di­gi­ni hem göz öňün­de tut­ma­ly. Be­de­niň ug­le­wod­la­ra bo­lan ta­la­by çalt öz­leş­ýän ýö­ne­keý ug­le­wod­la­ryň däl-de, çyl­şy­rym­ly ug­le­wod­la­ryň ha­sa­by­na ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­ly­dyr. Çyl­şy­rym­ly ug­le­wod­lar go­ňur tü­wü­de, bug­daý­da, çog­da­ry unun­dan bi­şi­ri­len çö­rek­de, mi­we­ler­de, gök önüm­ler­de, çalt öz­leş­ýän ýö­ne­keý ug­le­wod­lar bol­sa li­mo­nad­da, ak gant­dyr şe­ker­de, tort­da, şo­ko­lad­da we beý­le­ki süý­ji ta­gam­ly önüm­ler­de sak­lan­ýar. Şe­ke­riň de­re­gi­ne bal iý­me­li. Se­bä­bi bal­da ug­le­wod­lar­dan baş­ga wi­ta­min­ler­dir mak­ro-mik­roe­le­ment­le­riň köp gör­nü­şi sak­lan­ýar. Iň go­wu­sy, şe­ke­ri iý­mit sa­na­wyň­dan he­mi­şe­lik aýyr­ma­ly. Na­har­la­ra we iş­däa­çar­la­ra peý­da­ly mad­da­la­ra baý de­ňiz du­zu­ny goş­ma­ly. Gow­ru­lyp bi­şi­ri­len ýag­ly na­har­lar, ýi­ti ta­gam­ly önüm­ler, kö­me­lek, al­ko­gol­ly iç­gi­ler, ýa­rym taý­ýar (po­lu­fab­ri­kat) we fast-fud (tiz ta­gam) önüm­le­ri, ýo­gurt­lar, kül­ke­den taý­ýar­la­nan mi­we we gök önüm şi­re­le­ri uly ag­ram sa­lyn­ýan be­de­ni di­kelt­mä­ge, gurp­lan­dyr­ma­ga kö­mek et­me­ýär, ter­si­ne zy­ýan­ly tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bil­ýär.
Tür­gen­le­riň ener­ge­ti­ki gym­mat­lyk­ly iý­mi­ti­niň 30 göterimi ug­le­wod­lar­dan, 60 göterimi be­lok­lar­dan, 10 göterimi ýag­lar­dan yba­rat bol­ma­ly­dyr. Be­de­ni wi­ta­min­ler, mak­ro-mik­roele­ment­ler bi­len ýe­ter­lik de­re­je­de üp­jün et­mek üçin di­ňe bir bu mad­da­la­ra baý önüm­le­ri däl, eý­sem, wi­ta­min-mi­ne­ral top­lum­la­ry­ny hem ulan­ma­ly. Ola­ry luk­ma­nyň mas­la­ha­ty bi­len ka­bul et­me­li. Wi­ta­min­ler be­de­niň fi­zio­lo­gi­ki ýag­da­ýy­na, ösü­şi­ne, mad­da­la­ryň alyş-çal­şy­na güýç­li tä­sir ed­ýär.
Mi­ne­ral duz­lar hem, edil ýag­lar, be­lok­lar, ug­le­wod­lar, suw, wi­ta­min­ler ýa­ly wa­jyp bo­lup, be­den­de bo­lup geç­ýän der­wa­ýys işlere gat­naş­ýar. Olar:
• Gan­da we do­ku­ma­lar­da bo­lup geç­ýän äh­li hi­mi­ki-bio­lo­gi­ki ha­dy­sa­la­ry iş­jeň­leş­dir­ýär.
• Ga­nyň we do­ku­ma su­wuk­ly­gy­nyň ba­sy­şy­nyň ka­da­ly ýag­daý­da sak­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
• Tur­şu­lyk-aş­gar­ly­lyk de­ňe­çer­li­gi­niň (ba­lans) üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
• Iý­mi­tiň siň­me­gi­ni tiz­leş­dir­ýär.
• Ödüň turşulyk bö­lüp çykar­ma­gy­na iter­gi ber­ýär.
Tür­gen­le­riň iý­mi­ti ola­ryň jyn­sy­na, ýa­şy­na, fi­zio­lo­gi­k aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, spor­tuň haý­sy gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan­dy­gy­na la­ýyk­lyk­da düz­gün­leş­di­ril­ýär. Mu­ňa se­ret­mez­den, ola­ryň hem­me­si­niň iý­mi­tin­de be­lok­la­ryň, ug­le­wod­la­ryň, ýag­la­ryň, mi­ne­ral duz­la­ryň, wi­ta­min­le­riň ýe­ter­lik bol­ma­gy­ny ga­zan­mak hök­man­dyr. Se­bä­bi di­ňe bir spor­tuň agyr gör­nüş­le­ri däl, eý­sem, ýe­ňil gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­şik­le­riň, ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän wag­tyn­da hem ýü­rek-da­mar, iý­mit siň­di­riş, dem alyş ul­gam­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de iş­le­ýär. Be­den ýü­re­giň işi­ni, iý­mit siň­di­ri­şi, dem al­şy gol­da­mak üçin örän köp ener­gi­ýa sarp et­me­li bol­ýar. Iý­mi­tiň­de ýa­şa­ýyş üçin der­wa­ýys mad­da­lar ýe­ter­lik bol­ma­sa, ener­ge­ti­ki de­ňag­ram­ly­lyk bo­zu­lyp, be­den gow­şa­ýar, gurp­dan gaç­ýar.

So­na Ar­ty­ko­wa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gistologiýa, sitologiýa we embriologiýa kafedrasynyň mugallymy.