Maşgalada ruhy we beden taýdan sagdyn çaganyň kemala gelmegi jemgyýetiň sagdyn gurşawynyň möhüm şertleriniň biridir. Bu iş, öz gezeginde, çaganyň dünýä inen – bäbeklik döwründen başlanýar. Perzendini «altyn aşyga» deňän halkymyz ony bäbeklikden sagdyn kemala getirmek babatda baý tejribe toplapdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Her bir täze dünýä inen bäbegiň sagdyn ösmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça lukmançylyk merkezleri tarapyndan bu ugurda uly işler alnyp barylýar.
Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzda «Öý ýaraşygy – çaga» diýlişi ýaly, çagalary goldamak, hemaýat bermek, olaryň geljegi hakynda alada etmek biziň baş maksadymyzdyr» diýýär.
Sagdyn çaganyň kemala gelmeginde oňa bäbeklikde edilýän ideg möhüm orun eýeleýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynda çagalaryň saglygy boýunça geljekki hünärmenler taýýarlanýar. Talyplara «Pediatryň amaly endikleri», «Bäbekleriň kliniki fiziologiýasy» hem-de «Çaga keselleriniň propedewtikasy» dersleri boýunça bilim berilýär. Geljekki lukmanlar Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan teklip edilen maglumatlary, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň okuw meýilnamasyna girizilen Türkmenistanyň «Çaga keselleriniň bütewi alnyp barlyşy», «Ene süýdüni goramak we goldamak», «Howpsuz enelik», «Çaganyň irki ösüşi» Milli maksatnamalaryny öwrenýärler.
Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň esaslandyrylmagyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 5 ýyl doldy. 28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi, şeýle hem bu şanly senä bagyşlanyp, Arkadag şäherinde dabaraly çäreler guraldy. Gaznanyň müdiriýetiniň mejlisinde geçen döwürde ýerine ýetirilen ynsanperwer işler barada hasabatlar diňlenildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa öz çykyşynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen wagtyndan bäri tutuş ýurdumyz boýunça näsag çagalaryň 758-sine operasiýalaryň geçirilendigi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde şu günki güne çenli 2 müň 467 çaganyň döwrebap sagaldyş-dikeldiş bejergisini alandygy, merkezde innowasion tehnologiýalaryň ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly ulanylmagy arkaly toplumlaýyn dikeldiş bejergisiniň ýola goýlandygy barada aýtdy.
Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň Moskwa şäherinde geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala hem-de degişli diploma mynasyp bolmagy bu ýerde öndürilýän saglygy goraýşa degişli serişdeleriň, çaga iýmitleriniň, beýleki degişli önümleriň hil derejesiniň hem-de ynsan saglygyna täsiriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Çagalar biziň röwşen geljegimizdir. Sagdyn çaga sagdyn jemgyýetiň girewidir.
Goý, geljegimiz bolan ýaş nesil barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogulgurban ALLANAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, dosent.
PDF









