Deri diňe bir gorag däl, eýsem, saglygyň, ýaşlygyň we gözelligiň görkezijisi hasaplanýar. Deriniň ýagdaýy ýaşaýyş endikleri, iýmitleniş düzgünleri, daşky gurşawyň täsiri we bedeniň işjeňligi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin deriniň saglygyny saklamak diňe daşarky ideg däl, eýsem, dogry iýmitlenmek bilen hem baglydyr.
Deri saglygymyzyň we durmuş ýörelgämiziň aýnasy bolup, ýaşyň gitdigiçe berkligini we çeýeligini ýitirýär, ýygyrt atýar, az-kem tegmiller peýda bolup başlaýar. Şeýle-de bolsa, ýönekeý, ýöne täsirli çäreleriň kömegi bilen, garramagy haýalladyp, deriňizi sagdyn saklap bilersiňiz.
Deriniň saglygy üçin peýdaly iýmitler
Deriniň ýagty, çeýe we arassa görünmegi üçin her gün azyndan 1,5–2 litr arassa suw içmek möhümdir. Suw deriniň içinde toksinleriň çykmagyna, öýjükleriň täzelenmegine ýardam edýär.
Miwelerde we gök önümlerde köplenç A, C, E witaminleri, beta-karotin we antioksidantlar köp bolýar. Olara käşir, pomidor, kädi, brokkoli, alma, pyrtykal, kiwi ýaly miweler degişlidir. Bu maddalar deriniň ýaşlygyny saklaýar.
Bu peýdaly ýaglar deriniň gurulygyny azaldyp, onuň tebigy ýag balansyny durnuklaşdyrýar. Olary balyk (losos, skumbriýa), künji, keten tohumy we hoz ýaly önümlerden almak bolar.
Bugdaý, tüwi bedenden zyýanly maddalaryň çykmagyna kömek edýär, gan aýlanyşyny gowulandyrýar.
Süýt, kefir, gaýmak we gatyk deri öýjükleriniň täzelenmegine kömek edýär. Emma laktoza duýgur adamlar üçin laktozsyz görnüşleri saýlamak maslahat berilýär.
Şeýle hem ýaramaz endiklerden daşda durmak deri üçin peýdalydyr. Şunuň bilen baglylykda, çilim çekmek damarlara zeper ýetirýär, deriniň gan üpjünçiligini bozýar we wagtyndan öň garramagyňyza sebäp bolýar. Alkogolly içgiler bolsa gan damarlaryny daraldýar, deriniň gyzarmagyna we ýyldyz damarlarynyň (kuperoz) döremegine sebäp bolýar.
Arassaçylyk düzgünlerine eýermek, kadaly ukyňy almak hem deriniň sagdynlygyna täsirini ýetirýär. Sagdyn iýmit we kadaly durmuş endikleri gözelligiň we ýaşlygyň iň ygtybarly çeşmesidir.
Mawlýuda ŞÜKÜRBAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









