Kadaly uklamak. Geçirilen barlaglarda sagdyn we uzak ýaşly adamlaryň her gün azyndan 7-8 sagat uklaýandygy ýüze çykaryldy. Bilermenleriň bellemegine görä, ýeterlik derejede dynç almak we kadaly uklamak saglyk üçin derwaýys bolup, bedeniň güýç toplamagy hem-de aňyň durlanmagy üçin örän ähmiýetlidir.
Sport bilen meşgullanmak. Hepdäniň dowamynda 30-60 minut dürli maşklary ýerine ýetirmegi endik etmeli. Bu saglyk üçin möhüm bolup, bedeni berkidiji maşklary agşam naharyndan soňra ýerine ýetirmek has peýdalydyr. Agramy kadaly derejede saklamak üçin hepdede 2 gezek çylşyrymly maşklary ýerine ýetirmeli.
Gök-bakja önümlerini ýeterlik iýmek. Iýmit sanawynda et önümlerini biraz çäklendirip, miwedir gök-bakja önümlerine esasy orun bermeli. Nohut, noýba, hoz we soýa ýaly beloga baý iýmitler bilen bir hatarda, miwedir gök otlary köpräk iýmeli.
Şekerli önümlerden gaça durmak. Şekerli galla we süýji konditer önümlerini azaldyp, irimçik bugdaý unundan, tüwüden taýýarlanan iýmitleri köpräk iýmeli. Bularyň hataryna çowdary çöregini hem goşmak bolar.
Ösümlik ýagyny ulanmak. Iýmit sanawynda siňmesi ýeňil bolan ösümlik ýagyna üns bermeli. Muňa zeýtun ýagy, günebakar ýagy, soýa ýagy, zygyr ýagy, hoz we künji ýagyny mysal getirmek bolar. Her gün azyndan bir nahar çemçe arassa ösümlik ýagyny ulanmak maslahat berilýär.
Kadaly agramy saklamak. Ýaşyňa görä agram derejesini kadaly saklamaga çalyşmaly. Gün tertibine eýermek, iýmit sanawyny dogry düzmek we talabalaýyk iýmitlenmek arkaly kadaly agramy gazanyp bolýar.
Zyýanly serişdelerden gaça durmak. Bilermenleriň bellemegine görä, müňlerçe adam zyýanly serişdeleri ulanmak arkaly ejir çekýär. Şol sebäpli temmäki we alkogolly önümlerden gaça durmak maslahat berilýär. Bu önümler adamyň fiziki işjeňligini peseldip, akyl we ruhy saglygyna oňaýsyz täsirini ýetirýär.
Durmuşa umytly garamak. Durmuşyň gowy taraplaryny görmäge synanyşmaly. Köpräk gülmeli, şatlanmaly we özüňizi bagtly duýmaly. Sussupeslikden dynmak üçin durmuşa umytly garamaly.
Ýakynlaryň bilen köpräk wagt geçirmek. Maşgala agzalaryň we dostlaryň bilen ýakyn gatnaşykda bolup, birek-birege goldaw bermeli. Hoşniýetli gatnaşyklar ynamy we söýgini has-da güýçlendirýär hem-de bagtly durmuşda ýaşamaga mümkinçilik berýär.
Kitap okamak. Gyzyklanýan ugruňa görä, her gün 4-5 sahypa bolsa-da, kitap okamaly. Kitap okalanda adamyň pikiri täzelenýär, ynsany ruhy taýdan asudalyk we giňlik gurşap alýar. Kitap okamak ýatkeşligi hem ösdürýär.