Gah­ry­man Arkadagymyzyň we hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýän Wa­ta­ny­myz­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da ne­ti­je­li iş­ler yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar. Ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýaş­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn bol­magy­ny ga­zan­mak, ilat ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň baş mak­sa­dy­dyr. Döw­re­bap has­sa­ha­na­lar­dyr sag­lyk öý­le­ri bol­sa ra­ýat­la­ry­my­za ýo­ka­ry hil­li sag­lyk hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­ma­gyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Dün­ýä­dä­ki iň uly baý­ly­gyň sag­lyk­dy­gy şüb­he­siz ha­ky­kat. Hal­ky­my­zyň «Sag­ly­gym – beg­li­gim», «Sag­lyk – baý­lyk», «Bar za­dyň sa­ka­sy sag­lyk» ýa­ly na­kyl­la­ry hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­myn­da yzy­gi­der­li ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Luk­man­la­ry­my­zyň dün­ýä tej­ri­be­si­ni ne­ti­je­li öz­leş­dir­me­gi, ke­sel­le­ri be­jer­mek­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň iler­le­dil­me­gi bi­len, ýo­kanç ke­sel­le­riň bir­nä­çe­si ýok edil­di. Paý­tag­ty­myz­da, äh­li se­bit­le­ri­miz­dä­ki şä­her­dir oba­lar­da hä­zir­ki­ za­man luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap has­sa­ha­na­lar gu­rul­dy we gurulýar. Aş­ga­bat­da Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň, Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň, şeý­le hem Ar­ka­dag şä­he­rin­de has­sa­ha­na­la­ryň, sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ni mu­ňa my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar.
«Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we be­jer­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip dü­zü­len res­mi mak­sat­na­ma­dyr. Mak­sat­na­ma­da hä­si­ýet­li ugur­lar san­ly sag­lyk ul­gam­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, ge­ri­at­rik hyz­mat­la­ry ýo­la goý­mak, pal­lia­tiw sag­lyk kö­me­gi­ni üp­jün et­mek, and­ro­log luk­man­çy­ly­gy­nyň işi­ni gi­ňelt­mek, ge­nom luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mek we gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek ýa­ly tä­ze ma­ny­ly ugur­lar go­şul­ýar.
Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de, kä­mil­leş­dir­mek­de nus­ga­lyk iş­le­ri alyp bar­ýar. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän be­je­riş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar, ýer­li çig mal­dan der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän döw­re­bap kär­ha­na­lar, hä­zir­ki­ za­man yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­ri, sag­lyk öý­le­ri yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Şeý­le-de Di­ýa­ry­myz­da «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy, Türk­me­nis­tan­da şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy, Türk­me­nis­tan­da ila­tyň sag­lyk aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça 2023 – 2028-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy, Türk­me­nis­tan­da luk­man­çy­lyk sa­gal­dyş-di­kel­diş çä­re­le­ri­niň 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa­sy he­re­ket ed­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz­da adam sag­ly­gy­nyň hem­me zat­dan ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­ny, ýyl-ýyl­dan has-da kä­mil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň­ly­gy bi­len su­but ed­ýär.
Eziz Wa­ta­ny­myz­da her ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär. Bu se­ne my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, we­la­ýat­lar­da, et­rap mer­kez­le­rin­de da­ba­ra­lar gu­ral­ýar, hal­ka­ra ser­gi we yl­my mas­la­hat hem ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re­ler­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, ýe­ti­len sep­git­ler gör­ke­zil­ýär, ýur­du­my­zyň bu ul­ga­my­nyň bar­ha kuw­wat­lan­ýan­dy­gy, ýur­du­myz­da adam sag­ly­gy ba­ra­da uly ala­da edil­ýän­di­gi, äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi ba­ra­da buý­sanç bi­len bel­le­nil­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwründe beý­le­ki pu­dak­lar bi­len bir ha­tar­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny hem yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Aradagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Döwletmyrat AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.