Saglyk ulgamy her bir döwletiň ösüş derejesini kesgitleýän esasy ugurlaryň biridir. Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak döwletiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Saglyk ulgamynyň ösdürilmegi jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Soňky ýyllarda saglyk ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Täze hassahanalar we saglyk merkezleri gurlup, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ilata berilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy lukmançylyk hyzmatlaryny has tiz we takyk amala aşyrmaga ýardam edýär.
Lukmanlaryň we beýleki saglyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem möhüm meseleleriň biridir. Bu ugurda yzygiderli okuw sapaklary, tejribe alyşmalar we halkara hyzmatdaşlygynda pikir alyşmalar giňden ösdürilýär. Netijede, ýokary taýýarlykly hünärmenler ilata hyzmat edýär.
Saglyk ulgamynyň esasy maksady diňe keselleri bejermek däl-de, eýsem, olaryň öňüni almakdyr. Şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sport bilen meşgullanmagy goldamak, dogry iýmitlenmek barada sapaklary geçmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Her bir raýatyň öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmegi zerurdyr. Wagtynda lukmana ýüz tutmak, öňüni alyş barlaglaryndan geçmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek jemgyýetiň umumy saglygyny ýokarlandyrýar.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek adam saglygynyň berk we ömrüniň uzak bolmagyna uly täsir edýär. Zyýanly serişdelerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak, dogry iýmitlenmek hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek hem sagdyn durmuşyň esasy düzgünleridir. Saglyk adam üçin iň uly gymmatlykdyr. Ony gorap saklamak bolsa biziň her birimiziň hem-de döwletimiziň mukaddes borjudyr.
Ogulnyýaz ÝAZGURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga ýokanç keselleri kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
PDF









