Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Sizi “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Halkara sergi we ylmy maslahaty 2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.
Halkara ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri.
Halkara ylmy maslahatyň işi 20 bölümçede geçirilýär.
Halkara maslahatyň tematiki ugurlary:
I bölüm. Iç keseller
II bölüm. Kardiologiýa we kardiohirurgiýa
III bölüm. Onkologiýa
IV bölüm. Oftalmologiýa
V bölüm. Ýokanç keseller
VI bölüm. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak
VII bölüm. Hirurgiýa
VIII bölüm. Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa
IX bölüm. Sanly lukmançylyk
X bölüm. Genom lukmançylygy
XI bölüm. Adam bedeniniň uýgunlaşmagynyň ekologo-fiziologiki meseleleri we pulmonologiýanyň we allergologiýanyň esasy soraglar.
XII bölüm. Sport lukmançylygynyň esasy meseleleri.
XIII bölüm. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar
XIV bölüm. Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir
XV bölüm. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim syýasatynyň möhüm wezipesidir
XVI bölüm Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak.
XVII bölüm. Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar.
XVIII bölüm. Nobatdaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň ugurlary.
XIX bölüm. Olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek.
XX bölüm. Tebigy we takyk ylymlar, innowasion tehnologiýalar.
Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler resminamalaryny tabşyranlarynda aşakda beýan edilen talaplary berjaý etmelidirler.
“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ atly halkara ylmy maslahata gatnaşmagyň
Ş E R T L E R I
- 1. Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň maslahata tabşyrylan tezisleriň awtorlar üçden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly.
- 2. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):
Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň hasaba alnyş görnüşi
Familiýasy | ||
Ady | ||
Atasynyň ady | ||
Wezipesi | ||
Alymlyk derejesi, ady | ||
Işleýän ýeriniň doly ady | ||
Işleýän ýeriniň salgysy (poçta | indeksini hem görkezmeli) | |
Iş telefony, elektron salgysy | ||
Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl) | ||
Nutugyň tematiki ugry | ||
Nutuk haýsy dilde taýýarlandy |
- 3. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýany (tezis) we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.
3.1. Halkara ylmy maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen diline terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
3.2. Halkara ylmy maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
- 4. Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.
- 5. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.
Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän
T A L A P L A R
- 1. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýanlary we annotasiýalary guramaçylyk komitetine ibermegiňizi haýyş edýäris (gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.
- 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
- 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.
- 4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmsi bilen).
- 5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
– awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14 lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;
– gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16 lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
– nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli.
- 6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.
- 7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.
- 8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.
- 9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
- 10. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy maslahata goýberilmän bilner.
- 11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
- 12. Nutugyň gysgaça beýanyny we annotasiýalaryny bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Myrat Akyýew, faýlyň ady – «Akyýew M. tez».
- 13. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg».
- 14. Faýllary arhiwirlemeli däl!
Habarlaşmak üçin:
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
tel: (+99312) 40-04-51; 40-04-11, 48-92-94, faks: 40-04-53, 40-04-66
elektron poçta: info@saglykhm.gov.tm
resminamamz@sanly.tm
- 2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
tel: (+99312) 44-84-09; 36-17-34
elektron poçta: nie.turkmenistan @ gmail .com
met.int.department@gmail.com
- 3. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti
tel: (+99312) 39-98-37
elektron poçta: turkmensport@sanly.tm
- 4. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
tel: (+99312) 94-14-52
elektron poçta: rustamtme@gmail.сom