10-njy noýabrda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy bolup, olar ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň toplumlaýyn maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şol da­ba­ra­la­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedow, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry, Bal­kan we­la­ýat, şä­her we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar we ýaş­lar gat­naş­dy­lar.
Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de gur­lan ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy­nyň tä­ze bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de wi­se-prem­ýer Ser­dar Berdimuhamedow çy­kyş edip, şu gün­ki mö­hüm wa­ka­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ägirt uly ala­da­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dy­gy­ny, mil­le­tiň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň we aba­dan­çy­ly­gy­nyň, dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­dy­gy­ny bel­le­di.
Dün­ýä bel­li da­şa­ry ýurt önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň tä­ze, kä­mil en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mil­li we dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Soň­ky ýyl­lar­da şeý­le mer­kez­le­riň gur­lu­şy­gy­nyň ge­ri­mi gi­ňe­lip, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­ri­ni gur­şap al­dy. Ne­ti­je­de, ila­ty­myz hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len el­ýe­ter­li üp­jün edil­ýär.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň tä­ze des­ga­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na san­ly ul­gam ar­ka­ly Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bit eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry, dok­tor Hans Klýu­ge go­şul­dy, ol ýyg­na­nan­la­ry şu gün­ki şan­ly wa­ka bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. H.Klýu­ge luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň jem­gy­ýe­tiň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny hem-de aba­dan­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň luk­man­çy­lyk dü­züm­le­ri­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny we iş­jeň­li­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, bu has­sa­ha­na­nyň ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di.
Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ula­n­ma­ga ber­len tä­ze ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­syň dü­zü­mi­ne ka­bul ediş, bar­lag­ha­na, funk­sio­nal-anyk­la­ýyş, rea­ni­ma­si­ýa we dog­rum, ope­ra­si­ýa ota­gy, fi­zio­te­ra­pi­ýa, dis­pan­ser-gö­zeg­çi­lik, wi­rus­ly ge­pa­tit ke­se­li, ýo­ka­ry dem alyş ýol­la­ry­nyň ýo­kanç ke­sel­le­ri, içe­ge ýo­kanç ke­sel­le­ri, aý­ra­tyn howp­ly, ho­wa we dam­ja ar­ka­ly geç­ýän ýo­kanç ke­sel­ler, do­wam­ly ýo­kanç ke­sel­le­ri be­je­riş bö­lüm­le­ri gir­ýär.
Has­sa­ha­na dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň, hu­su­san-da, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Şwe­si­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, ABŞ-nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň, Çe­hi­ýa­nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we Hy­ta­ýyň döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di.
Funk­sio­nal-anyk­la­ýyş bö­lü­mi komp­ýu­ter to­mogra­fi­ýa­sy, ult­ra­ses bar­la­gy, rent­gen, elekt­ro­kar­di­og­ra­fi­ýa, fib­ros­kan, en­dos­ko­pi­ýa otag­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.
Ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy­nyň iş­gär­le­ri­niň yg­ty­ýa­ryn­da dür­li bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin döw­re­bap bar­lag­ha­na en­jam­la­ry hem bar. Giň otag­ly bar­lag­ha­na bö­lü­mi kli­ni­ki bar­lag­ha­na, bio­hi­mi­ýa, bak­te­rio­lo­gi­ýa, mo­le­kul­ýar-ge­ne­ti­ka we im­mu­no­lo­gi­ýa bar­lag­la­ry otag­la­ryn­dan yba­rat bo­lup, olar­da ga­nyň we pe­şe­wiň umu­my bar­lag­la­ry, ga­nyň bio­hi­mi­ýa, im­mu­no­fer­ment, se­ro­lo­gi­ýa, pa­ra­zi­to­lo­gi­ýa, bak­te­ri­os­ko­pi­ýa, mo­le­kul­ýar-ge­ne­ti­ka, po­li­me­raz zyn­jyr­ly re­ak­si­ýa (PZR) bar­lag­la­ry ge­çi­ril­ýär.
Şeý­le hem bir­nä­çe eksp­res-anyk­la­ýyş bar­lag­la­ry, ýag­ny ga­nyň süý­jü­li­gi, ge­mog­lo­bi­niň gan­da­ky de­re­je­si, ho­les­te­rin, mo­çe­wi­na, bi­li­ru­bin we onuň frak­si­ýa­la­ry, pH de­re­je­si, udel ag­ra­my, pe­şew­de be­lok, bak­te­riu­ri­ýa, glýu­ko­za, wi­rus­ly ge­pa­ti­tiň we beý­le­ki wi­rus­la­ryň, ke­ton bar­lag­la­ry hem-de ola­ryň hil we muk­dar taý­dan bar­lag­la­ry ge­çi­ril­ýär.

* * *

Şol gün Mag­tym­gu­ly et­ra­byn­da ula­n­ma­ga ber­len luk­man­çy­lyk des­ga­sy sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň hä­zir­ki za­man dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­tir­di. Bu has­sa­ha­na­ 50 nä­sa­gy sta­sio­nar usul­da hem-de 30 nä­sa­gy am­bu­la­to­ri­ýa usu­lyn­da be­jer­mä­ge ni­ýet­le­nendir. Iki gat­ly bi­na­lar top­lu­myn­dan yba­rat bo­lan bu desga Ger­ma­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Awst­ri­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Pol­şa­nyň, Şwe­si­ýa­nyň, Is­pa­ni­ýa­nyň, Slo­wa­ki­ýa­nyň, Bel­gi­ýa­nyň, Ni­der­land­la­ryň, ABŞ-nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň iň tä­ze ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Bu ýer­de ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di.
Has­sa­ha­na­da ka­bul ediş, mas­la­hat be­riş, funk­sio­nal-anyk­la­ýyş, iç ke­sel­le­ri, ça­ga ke­sel­le­ri, tiz kö­mek we beý­le­ki bö­lüm­ler bar. Şeý­le hem onuň dü­zü­mi­ne bar­lag­ha­na we gan ban­ky gir­ýär.