Türkmen saçagynda zenanlarymyz tarapyndan dürli tagamlar taýýarlanýar. Ak bazarlarymyzda harytlaryň bolelin, elýeter bahada bolmagy öý bikelerimiziň dürli görnüşdäki tagamlary taýýarlamaga bolan höwesini has-da artdyrýar.
Biziň süýji tagamlary taýýarlaýan öý bikelerimiz tomus paslynyň gelmegi bilen gyş möwsümine taýýarlyk görüp başlaýarlar. Ýagny dürli gök önümleri, işdäaçarlary, mürepbeleri gaplaýarlar, bu bolsa gyş paslynda bereketli saçagyň bolelinligini has hem artdyrýar. Ýöne şol gaplanmada nädogry usullaryň ulanylmagy adamyň saglygy üçin howply nogsanlyklary döredýär. Ine, şonuň üçin hem şol nogsanlyklaryň üstünde durup geçmekligi makul bildik. Esasy ýüze çykyp biljek howply keselleriň biri hem botulizm keselidir.
Botulizm – iýmit zäherlenmeleriniň iň agyr geçýäni bolup, howply hasaplanylýar. Bu kesel döredijiler köplenç halatlarda öý şertlerinde taýýarlanyp gaplanan kömeleklerde, gök-bakja önümlerinde, şöhlat önümlerinde, kakadylan balyklarda duş gelýär.
Zäherlenmäniň ilkinji alamatlary 4-6 sagatdan 10 gün aralygynda ýüze çykyp bilýär. Ilkinji alamatlaryň ýüze çykmagynyň dowamlylygy adamyň bedenine düşen zäheriň mukdaryna bagly bolup, köplenç halatlarda 6-24 sagadyň dowamynda ýüze çykýar. Bu keseliň ilkinji alamatlary ýiti başlap, gowşaklyk, kellagyry, ýürek bulanma, baş aýlanma ýaly alamatlar ýüze çykyp, soňra botulizm keseliniň esasy alamatlary bolan gözüniň görüjiliginiň peselmegi, göz öňünde dumanyň, gözenekleriň emele gelmegi, daş-töwerekdäki zatlaryň goşalanmagy, göz gabyklaryny galdyrmaklygynyň kynlaşmagy, göz çaşarma ýaly alamatlar peýda bolýar.
Gök önümler gaplananda käbir ýönekeý düzgünleriň berjaý edilmegi maşgalaňyzyň saglygyny goramakda ýardam eder. Öý şertlerinde önümler gaplanylanda, aýna gaplar saýlanyp alynmaly (gyş möwsüminde iýmitleri saklamak maksady bilen başga gaplary ulanmak adam saglygy üçin howpludyr, ýagny, polimer, syrçaly we ş.m. gaplar). Aýna gaplary ilki bilen ýuwujy serişdeler bilen ýuwmaly, soňra sowuk suwda oňat durlamaly we gyzgyn (suwuň gyzgynlygy 90-95 derejeden pes bolmaly däl) suw bilen gowy çaýkamaly. Soňra gowy ýuwlan aýna gaplary buga tutmaly. Gaplanjak demir gapaklary we olary gaplamakda ulanyljak tutawaçlary hem 30-40 minut arassa suwda we arassa gapda gaýnatmaly.
Öý şertlerinde gaplanjak gök önümleri bazarlardan we beýleki söwda nokatlaryndan satyn almak maslahat berilýär. Sebäbi döwlet gözegçiligindäki söwda nokatlary barlaghanalarda barlagdan geçirilýär.
Saýlanyp alnan gök önümler ter we bitin bolmaly. Ulanylmazdan öň gök önümleri gowy arassalamaly we akar suwuň aşagynda gowy ýuwmaly, ownuk miweleri (ülje, ýer tudanasy, smorodina we ş.m.) süzgüçlerde ýuwmak maslahat berilýär. Gaplanylýan önümler hem hökman gaýnatma usulynda (60-90 minut) zyýansyzlandyrylmalydyr.
Gaplar ýapylandan soň birnäçe gün garaşmaly, eger-de onuň gapagy çişse ýa-da içindäki suw bulansa şol önümi iýmek ýa-da gaýtadan gaplamak gadagandyr.
Mähriban ildeşler! Saglygyňyzy goramak siziň öz eliňizde, şonuň üçin hem her pursatda bereketli saçagyňyzy bezeýän nygmatlar saýlananda gelip çykyşy näbelli, belgileniş nyşany, degişli güwälendiriş resminamalary bolmadyk, ýaramlylyk möhleti geçen, aýratyn hem gaby görnetin zaýalanan, ýakymsyz ysy, bulançak alamatlary bolan iýmit önümlerini ulanmakdan saklanyň!
Begnazar Baýlyýew,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.