Ýurdumyzyň şypahanalary halkymyzyň hyzmatynda. Ýylyň dowamynda sypahanalarda saglygyňyzy berkidip bilersiňiz.
Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň, bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen az wagtlyk meşgullanyň.
Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň.
Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri iýiň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň. Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň. Lukman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýan itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň.
Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär. Şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň. Tomus paslynda bolsa, ýagny, tomsuň jowzaly günlerinde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň.
6Iýmit zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän talaplary dogry berjaý ediň, iýmitleri öý şertlerinde talabalaýyk saklaň.
Ýürek-damar, dem alyş ýollarynyň, howply täze döremeleriň, endokrin, nerw, iýmit siňdiriş, böwrek we peşew çykaryş ulgamynyň, görşüň peselmeginiň, gulak, burun, bokurdak, diş we agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak üçin saglyk barlaglaryndan geçiň. Geçirilýän saglyk barlaglary keselleriň öňüni almaga gönükdirilen iň möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Ýeriň magnit hadysasyna we howanyň üýtgäp durmagyna duýgur adamlaryň, dowamly we ýürek-damar, nerw kesellerden ejir çekýän näsaglaryň howa maglumatlaryna we öz saglygyna ünsli bolmagy maslahat berilýär. Howanyň täsiri bilen saglygyň erbetleşmegi ýüze çykanda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň we lukmanyň beren maslahatyny doly we dogry berjaý ediň.
Ruhy sagdynlygy goramak üçin nerw dartgynlygyndan gaça duruň.
Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy hereketde. Çaganyň sagdyn we kadaly ösmegi üçin ene süýdi örän peýdalydyr. Onuň düzüminde körpäniň beden we akyl taýdan kadaly ösmegi üçin ýokumly maddalar bolup, ony hemmetaraplaýyn goraýandyr.
Häzirki zaman lukmançylygynda näsaglary bejermekde we olaryň janyny halas etmekde netijeli usullaryň biri gan we ondan öndürilýän, ganyň ýerini tutujy serişdelerdir. Sagdyn adamlar lukman bilen maslahatlaşyp gan donary bolup bilerler.
Dürli öý haýwanlaryny weterinariýa gözegçiliginden geçirip, yzygiderli degişli sanjymlary almaly. Olary elläniňden soň eliňizi sabynlap ýuwmaly. Zäherli mör-möjekleriň, ýylanlaryň çakmasyndan ägä bolmaly, özüňi goramaly, öz-özüňe we daş-töwerekdäkilere kömek etmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.